Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 3:10 - Mukaddes Kitap

10 «Galalarynda zorluk bilen talan oljalaryny toplaýarlar, dogry iş etmegi hiç bilmeýärler. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 «Галаларында зорлук билен талан олҗаларыны топлаярлар, догры иш этмеги хич билмейәрлер. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 3:10
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iýenlerinden artany bolmady, munuň üçin rowaçlyklary uzaga çekmez.


onuň nazarynda ret edilen ýigrenji, emma sylaýandyr Rebden gorkýany; eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;


Her hili baýlyk taparys, öýümizi oljadan doldurarys.


Mylakatly aýal hormat, zalymlar baýlyk gazanýandyr.


Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir, Rebbi agtarýanlar bolsa oňa doly düşünýändir.


Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Men şeýle diýdim: «Bular bir garyp hem akmaklar; çünki olar Rebbiň ýoluny, öz Hudaýynyň kanunyny bilmeýär.


Hiç kime zulum etmez, bergidaryň girewini yzyna gaýtarar, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer.


Ýurduň halky biri-birini ezip, talaňçylyk etdi, garyba we mätäje zulum etdi, nähak ýere gelmişege sütem etdi.


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, gördüňmi? Ýahuda halkyna bu ýerde nejis işleri etmek azlyk edýärmikä? Olar ýurdy zorlukdan doldurdylar, ýene-de Meniň gaharymy getirýärler; seret, burunlaryna çybyk tutýarlar.


«Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler.


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Adalaty ajylyga öwrenler! Dogruçyllygy ýere çalanlar!


Atlar gaýanyň üstünde çaparmy? Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi? Emma siz adalaty zähere, dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.


Eý, siz bela gününi uzak saýyp, zorluk tagtyny ýakynlaşdyranlar!


Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin». Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr.


Öýlerini haram hazynalardan dolduran pisleri, Men nädip bilmezlige salaýyn? Kem ölçemek näletlidir.


Şol gün galp hudaýlara sežde edýänleri, Öz hudaýlarynyň buthanasyny zulum hem hileden doldurýanlaryň baryny jezalandyraryn».


Emma olar gögüň ezelden Hudaýyň sözi arkaly ýaradylandygyny, ýer bolsa suwdan bölünip, suw bilen gurşalandygyny bilgeşleýin ýatdan çykaran bolýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ