Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Her gurbanlyk sypasynyň ýanynda girew alnan eşikleri ýazyp oturýarlar. Özleriniň Hudaýynyň öýünde jerime pula alnan şeraby içýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Хер гурбанлык сыпасының янында гирев алнан эшиклери язып отурярлар. Өзлериниң Худайының өйүнде җериме пула алнан шерабы ичйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 2:8
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger meniň halkymdan bir garyp biçärä pul karz berseňiz, süýthorlar kimin göterimine bermäň.


Beýik, uly dagyň üstünde ýerleşdirdiňiz düşegiňizi, gurbanlyk hödür etmäge çykdyňyz ol ýere.


Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder.


Hiç kime zulum etmez, bergidaryň girewini yzyna gaýtarar, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer.


şanly düşekde oturdyňyz, düşegiň öňünde bolsa taýyn saçak bardy. Meniň ýakymly ysly tütetgim bilen ýagymy onuň üstünde goýduňyz.


Ruhanylar Meniň halkymyň günäsi bilen beslenip, olaryň köpräk etmiş etmegine jan çekýärler.


Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler. Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar. Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar. Menden bolsa ýüz öwürýärler.


«Etmişi üçin Ysraýyly jezalandyran günüm, Beýteliň gurbanlyk sypalaryny-da ýok ederin. Gurbanlyk sypalaryň şahlary kesilip ýere gaçar.


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Halyňyza waý, eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar, düşekleriniň üstünde meýmiränler, sürüden saýlama guzulary, baga bakylan göleleri iýýänler!


şakäseden şerap içýänler, üstlerine iň oňat atyr sepýänler, Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar, halyňyza waý!


Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.


Olaryň käbirleri ýaly butparaz bolmaň. Olar barada Töwratda şeýle ýazylgydyr: «Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup, oýnaşmaga başladylar».


Çünki olardan biri seni, ýagny bilimi bolany, buthanada saçak başynda görmegi ahmal. Şonda onuň ynsaby ejizläp, buta berlen gurbanlygy iýmäge ymtylmazmy?


Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän sokuda ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ