Uzyýa gidip, piliştlilere garşy urşup, Gatyň, Ýabnäniň we Aşdodyň diwarlaryny ýykdy. Ol Aşdodyň töwereginde we Piliştiň beýleki çäklerinde galalar gurdy.
Reb şeýle diýýär: «Men gazalylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Olar tutuş jemagaty edomlylaryň eline bermek üçin ýesir edip äkitdiler.
Ýok ederin Aşdodyň ilatyny, Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary. Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin, heläk ederin piliştlileriň aman galanyny». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.