Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Reb şeýle diýýär: «Men gazalylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Olar tutuş jemagaty edomlylaryň eline bermek üçin ýesir edip äkitdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Реб шейле диййәр: «Мен газалылары гүнә үстүне гүнә эдендиклери үчин җезасыз галдырмарын. Олар тутуш җемагаты эдомлыларың элине бермек үчин есир эдип әкитдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 1:6
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Piliştliler Ýahudanyň günbatar baýyrlaryndaky we Negep çölündäki şäherlerine hüjüm edip, Beýtşemeşi, Aýalony, Gederoty, Sokony ýanyndaky obalary bilen, Timnany ýanyndaky obalary bilen, Gomzony ýanyndaky obalary bilen basyp alyp, şol ýerlerde mesgen tutupdylar.


Faraonyň Gazany ýeňmezinden öň, piliştliler hakynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Sende ebedi duşmançylyk bar. Sen ysraýyl halkynyň başyna bela gelen güni, soňky jezasy döwründe olary gylyja tabşyrdyň.


Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.


Siz Ýahuda we Iýerusalim halklaryny öz çäklerinden uzaklaşdyryp, olary grek halkyna satdyňyz.


Reb şeýle diýýär: «Men edomlylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki doganlaryny gylyçly kowalap, rehim-şepagat etmediler, çäksiz gaharyny dökdüler, gazap atyna baky atlandylar.


Reb şeýle diýýär: «Men damasklylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki demir dişli döweklerde gilgat halkyny ýençdiler olar.


Muňa görä Gaza diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder.


Reb şeýle diýýär: «Men surlulary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar doganlyk ähtini unudyp, tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar.


Kesekiler olaryň emlägini talan gününde, sen kesede durup seretdiň. Gelmişekler derwezeden girende, Iýerusalim üçin bije çekilende, sen-de olaryň biri ýaly bolduň.


Ony görüp, Aşkelon gorkar, Gaza yzadan ýaňa jebir çeker, umytdan düşen Ekron-da şeýle eder. Gazanyň şasy ýok ediler, Aşkelon ilatsyz galar.


Rebbiň bir perişdesi Filipe: «Tur, günorta tarap, Iýerusalimden Gaza barýan çöllük ýoldan git» diýdi.


Piliştlileriň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde iberen altyndan ýasalan çykuw şekilleriniň biri Aşdot üçin, biri Gaza üçin, biri Aşkelon üçin, biri Gat üçin, ýene biri bolsa Ekron galalary üçindir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ