Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler.
Şonuň üçin hem, ine, Men elimi siziň garşyňyza uzatdym. Sizi milletlere olja edip bererin. Men sizi halklaryň arasyndan sogrup zyňaryn, ýurtlaryň arasyndan süpürip taşlaryn, sizi ýok ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz».