Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 1:14 - Mukaddes Kitap

14 Söweş günündäki galmagaldan ýaňa, harasat günündäki tüweleý içinde Rabanyň diwaryna ot salaryn, ot galalaryny ýakyp kül eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Сөвеш гүнүндәки галмагалдан яңа, харасат гүнүндәки түвелей ичинде Рабаның диварына от саларын, от галаларыны якып күл эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 1:14
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Dawut öz nökerlerini, ähli ysraýyl goşunyny Ýowabyň ýolbaşçylygy astynda söweşe ýollady. Olar ammonlary kül-peýekun etdiler, Raba galasyny gabawa aldylar. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy.


Indi Ýowap ammonlaryň Raba galasynyň garşysyna uruşýardy. Ol şa galasyny basyp aldy.


Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlere ýa-da kerpiç işlerine goýdy. Ol ammonlaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy.


Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Ýowap goşuny alyp, ýörişe çykyp, Ammon ýurduny kül-peýekun etdi, soň gelip, Rabany gabady. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy. Ýowap Rabanyň üstüne hüjüm edip, ony derbi-dagyn etdi.


Surnaý sesi ýaňlananda, ol kişňeýär, söweş ysyny, serkerdeleriň goh-galmagalyny, söweş gykylyklaryny uzakdan duýýar.


Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.


Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.


Söweşdäki esgerleriň ädikleri, ähli gana bulaşan eşikleri, oda taşlanyp ýakylar.


Ine, Rebbiň gyzgyn gazaby, harasady gopup, gazaply lowlaýan harasady erbetleriň başyna iner.


Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr.


Ammonlaryň Raba galasyna ýa-da Ýahudadaky berk diwarly Iýerusalime girer ýaly, gylyç üçin ýol ýasa.


Onuň sag elinde Iýerusalimi görkezýän pal bar. Onda diwar ýykýan pürsleri ýerleşdirmek, ölüm buýrugyny bermek, söweş nagralaryny çekmek, derwezeleri ýumrujy gurallary goýmak, berkitmeler we diwara çykmak üçin ýapgytlar gurmak barada aýdylýar.


Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary, soňky günüň ýakynlaşdy, soňky jeza günüň ýetip geldi!»


Raba galasyny düýeleriň örüsine we Ammon ýurduny dowarlaryň ýatagyna öwrerin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».


Şonuň üçin hem, ine, Men elimi siziň garşyňyza uzatdym. Sizi milletlere olja edip bererin. Men sizi halklaryň arasyndan sogrup zyňaryn, ýurtlaryň arasyndan süpürip taşlaryn, sizi ýok ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz».


Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.


Şu sebäpden Mowaba ot ýagdyraryn, ot Keriýodyň galalaryny ýakyp kül eder. Gygyryşmakdan we surnaý seslerinden ýaňa, Mowap halky söweş gykylygynyň içinde öler.


Şeýdip, Men olary tanamaýan-bilmeýän milletleriň arasyna harasat bilen dargatdym. Olaryň taşlap giden ýurduny harabaçylyga öwürdim. Ol ýerde janly-jemende galmady; ne gözel ýurt tozap galdy“».


(Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ