Rebbiň gylyjy gana bulanandyr, guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr, ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir; Rebbiň Bosrada gurbanlygy bar, Edomda uly gyrgyn bolar.
Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»
Munuň üçin Rebbiň Edom hakdaky kararyny, Teýman ilatyna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.
Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar, ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar. Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».
Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men elimi Edomyň garşysyna uzadyp, ondan ynsany-da, haýwany-da sogrup taşlaryn we ony harabaçylyga öwrerin. Olar Teýmandan Dedana çenli aralykda gylyçdan heläk bolarlar.
Abadýa gelen aýanlyk: Hökmürowan Reb Edom barada şeýle diýdi: «Milletlere wekiliň iberilendigine habar geldi. Rebden gelen wekiliň: „Turuň, Edoma garşy söweşe çykalyň!“ diýen habaryny eşitdik.