Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Amos 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Reb şeýle diýýär: «Men edomlylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki doganlaryny gylyçly kowalap, rehim-şepagat etmediler, çäksiz gaharyny dökdüler, gazap atyna baky atlandylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Реб шейле диййәр: «Мен эдомлылары гүнә үстүне гүнә эдендиклери үчин җезасыз галдырмарын. Чүнки доганларыны гылычлы ковалап, рехим-шепагат этмедилер, чәксиз гахарыны дөкдүлер, газап атына бакы атландылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Amos 1:11
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, indi ammonlylar, mowaplylar we Segir dagynyň ilaty, bize miras beren ýurduňdan bizi kowup çykarmakçy bolýarlar. Müsürden çykyp gelýärkäler, ysraýyl halkyna Sen bu milletleriň üstüne çozup girmäge ýol bermediň, ysraýyllar hem yzyna dönüp, olary ýok etmediler.


Edomlylar ýene-de çozup, Ýahudadan üstün çykypdy, olary ýesir edip äkidipdiler.


Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.


Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň sadyk söýgiňi.


Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar.


Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.


Ysraýyl ýagşylygy ret etdi. Duşman ony yzarlar.


Weýran bolar Müsür, döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem; boýadylar topraklaryny bigünä gana.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“».


Reb: «Men sizi ozaldan söýýärin» diýýär. Emma siz: «Sen bizi nähili söýýärsiň?» diýip soraýarsyňyz. Reb şeýle diýýär: «Ysaw Ýakubyň dogany dälmi näme? Men Ýakuby saýladym,


Edomlylar: «Biz weýran edildik, ýöne weýrançylygy dikelderis» diýerler. Ýöne Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olar gurarlar, emma Men ýykaryn. Ýurtlarynyň erbet ýurtdygyny, halkyna bolsa Rebbiň ömürlik gaharynyň gelendigini hemmeler bilerler.


Şeýle hem siz söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň.


Edomlaryň hijisini ýigrenmäň, çünki olar siziň garyndaşlaryňyzdyr. Müsürlileriň hem hijisini ýigrenmäň, çünki siz olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ