Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler. Sura bilen Sidona kömek edip biljek aman galanlaryň ählisi ýok ediler. Reb Kaptoryň kenarynda aman galan piliştlileri derbi-dagyn eder.
Sen köp etmişleriň bilen, erbet söwdagärligiň bilen mukaddes ýerleriňi harama çykardyň; onsoň Men içiňden ot berdim; ol seni ýandyrdy. Men seni ähli görýänleriň gözleriniň alnynda ýakyp, ýer ýüzünde kül etdim.
Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.