Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Abadýa 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Teýman, seniň batyrlaryňy gorky-howsala basar. Olaryň bary Ysaw dagynda gyrlyp ýok ediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Тейман, сениң батырларыңы горкы-ховсала басар. Оларың бары Ысав дагында гырлып ёк эдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Abadýa 1:9
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Gatam we Kenaz.


Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.


Eýýubyň üç dosty: teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat we nagamly Sopar onuň başyna düşen belalar hakynda eşidip, öz bolýan ýerlerinden ýola düşdüler. Olar Eýýuba duýgudaşlyk bildirip, göwnüne teselli bermäge gitmek üçin duşuşdylar.


Munuň üçin Rebbiň Edom hakdaky kararyny, Teýman ilatyna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.


Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar, ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar. Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».


Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi?


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men elimi Edomyň garşysyna uzadyp, ondan ynsany-da, haýwany-da sogrup taşlaryn we ony harabaçylyga öwrerin. Olar Teýmandan Dedana çenli aralykda gylyçdan heläk bolarlar.


Şu sebäpden Teýmana ot ýagdyraryn, ot Bosranyň galalaryny ýakyp kül eder».


Batyrlaryň iň batyry-da ol gün ýalaňaç gaçyp gider». Muny Reb aýdýandyr.


Ýeňijiler Ysaw daglarynyň üstünden höküm sürmek üçin, Sion dagynyň üstüne çykarlar. Patyşalyk Rebbiňki bolar».


«Seniň içiňe ogrular girdimi ýa gijeki talaňçylar? Ogrular diňe özüne geregini ogurlamazlarmy? Eger üzüm bagyňa girseler, saňa-da miweden galdyrmazlarmy? Emma sen nähili weýran bolduň!


Esgerleriňe seret, olar araňyzda heleý ýalydyrlar! Ýurduňyň derwezeleri duşmanlaryňa gujak açýar, derwezäň kiltleri küle öwrüldi.


Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.


Olar bilen urşa girişmäň, çünki Men size olaryň ýerinden ýekeje garyş-da ýer berjek däl. Çünki Segir daglygyny Men Ysawa mülk berdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ