Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Abadýa 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Sen bilen salamatlykda ýaşanlar seni aldadylar. Ähli arkadaşlaryň seni serhetden çykardylar. Bile duz iýşen adamlaryň senden rüstem çykdylar. Muny sen aňşyrmadyň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Сен билен саламатлыкда яшанлар сени алдадылар. Әхли аркадашларың сени серхетден чыкардылар. Биле дуз ийшен адамларың сенден рүстем чыкдылар. Муны сен аңшырмадың».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Abadýa 1:7
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gaýam bolan Hudaýyma şeýle diýýärin: «Näme üçin meni unutdyň? Duşman meni gysan wagtynda näme üçin gam-gussaly gezmeli?»


Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Ähli oýnaşlaryň seni unutdy, olar seni sorap agtarmaýarlar, ýazygyňyň çökderdigi sebäpli, günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin seni duşman zarbasy bilen urdum, saňa rehimsizlik bilen jeza berdim.


Ine, Ýahuda patyşasynyň köşgünde galan ähli aýallar Babyl patyşasynyň ýolbaşçylaryna getiriler. Ol aýallar saňa: „Ynamdar dostlaň seni aldawa saldy, olar seni ýeňlişe sezewar etdi; batga batdy seniň aýaklaryň, ynamdarlaň senden gaçyp gitdi“.


Eý, sen, weýran bolan şäher! Sen gyrmyzy eşikler geýseň-de, altyn şaý-sepler dakynsaň-da, gözüňe sürme çekseň-de, gazanan zadyň bolmaz. Özüňi biderek ýere bezeýärsiň. Oýnaşlaryň seni ýigrenýärler, olar seniň janyňyň kastyna çykdylar.


Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi?


Oýnaşlarymy çagyrdym, emma olar meni aldawa saldylar. Ruhanylarym we ýaşulularym täzeden güýje girmek üçin özlerine iýmit gözleýärkäler, şäherde heläk boldular.


Ol akylsyz oguldyr. Burgy azaby başlanda – wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.


Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly, ýa müsürlileri çagyrýar, ýa Aşura gidýär.


Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ