Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Abadýa 1:5 - Mukaddes Kitap

5 «Seniň içiňe ogrular girdimi ýa gijeki talaňçylar? Ogrular diňe özüne geregini ogurlamazlarmy? Eger üzüm bagyňa girseler, saňa-da miweden galdyrmazlarmy? Emma sen nähili weýran bolduň!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 «Сениң ичиңе огрулар гирдими я гиҗеки талаңчылар? Огрулар диңе өзүне герегини огурламазлармы? Эгер үзүм багыңа гирселер, саңа-да миведен галдырмазлармы? Эмма сен нәхили вейран болдуң!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Abadýa 1:5
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Eý, Ysraýyl, şöhratyň dem-düýtsüz ýatyr depeleriňde! Gerçekler nädip ýere ýazyldy?!


Eý, parlak ýyldyz, daň ogly, gökden nähili gaçdyň! Eý, milletleri ýeňen sen, indi özüň ýere ýykyldyň!


Zeýtun agajynyň miwesi kakylyp alnandan soň, depesinde iki-üç zeýtunyň galyşy deý, şahalarynyň uçlarynda dört-bäşisiniň galyşy deý, diňe birazy aman galdyrylar. Muny Ysraýyl Hudaýy Reb aýdýandyr.


Zeýtun agajy kakylanda, hasyl ýygylandan soň, artyp galan üzümler bilen näme edilýän bolsa, dünýädäki milletler bilen-de şeýle bolar.


Eger üzümçiler bagyňa girse, birki salkym üzüm galdyrmazlarmy? Gije öýüňe ogrular girse, özlerine geregini ogurlamazlarmy?


Babyl milletler arasynda nähili weýran boldy! Bütin dünýäni tokmaklan nähili döwlüp parçalandy!


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Üzümiň soňky salkymynyň ýygnalyşy ýaly, Ysraýylyň aman galanlary hem soňkusyna çenli ýygnalar. Şonuň üçin üzüm ýygýançy deý eliňi soňky gezek şaha uzat».


Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi!


Teýman, seniň batyrlaryňy gorky-howsala basar. Olaryň bary Ysaw dagynda gyrlyp ýok ediler.


Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!


Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.


Üzüm baglaryňyzyň üzümini ýyganyňyzda, galan-gaçanyny ýygmaň. Olary gelmişek üçin, ýetim-ýesir üçin we dul aýal üçin galdyryň.


Olar onuň çekýän jebirlerinden hopugyp, uzakda duran ýerlerinden şeýle diýerler: „Eý, beýik şäher, halyňa waý! Eý, kuwwatlylyk şäheri Babyl, halyňa waý! Sen bir sagadyň içinde jezaňy aldyň!“


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ