Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Abadýa 1:19 - Mukaddes Kitap

19 Negep çölüniň halky Ysaw dagyny eýelär. Baýyrlykdaky adamlar piliştlileriň topragyny eýelärler. Olar Efraýym hem Samariýa topragyna çenli ýeterler. Benýamin nesli Gilgady eýelär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Негеп чөлүниң халкы Ысав дагыны эеләр. Байырлыкдакы адамлар пилиштлилериң топрагыны эеләрлер. Олар Эфрайым хем Самария топрагына ченли етерлер. Бенямин несли Гилгады эеләр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Abadýa 1:19
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aşur patyşasy Babyldan, Kutdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan adamlary getirip, olary ysraýyllaryň ýerine Samariýanyň galalarynda ýerleşdirdi. Olar Samariýany eýeläp, onuň galalarynda mesgen tutdular.


Şoňa görä Ysraýyl Hudaýy Aşuryň patyşasy Pulyň ruhuny oýardy. Bu patyşanyň beýleki ady Tiglatpileserdi. Ol rubenleri, gatlary, gündogardaky manaşa tiresini ýesir edip, olary Hala, Habora, Hara hem-de Gozan derýasyna getirdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.


Patyşa Rehum häkime, Şimşaý mürzä olaryň Samariýada we Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýaşaýan ýaranlaryna şeýle jogap iberdi:


Benýamin topragynda, Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerde, Ýahuda galalarynda, daglyk galalarda, günbatar baýyrlykda we Negep galalarynda ekin meýdanlary kümşe satyn alnyp, şertnamalara gol çekiler, möhürlenip, şaýatlar çagyrylar. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr».


Reb ammonlar barada şeýle diýýär: «Ysraýylyň ogullary ýokmy? Onuň mirasdary ýokmy? Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp, halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?»


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, Men elimi piliştlileriň garşysyna uzadyp, olardan keretlileri sogrup taşlaryn, deňiz ýakasynda galanlaryny ýok ederin.


Ata-babalaryňyza beren ýurdumda mesgen tutarsyňyz. Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn.


Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.


Ýok ederin Aşdodyň ilatyny, Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary. Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin, heläk ederin piliştlileriň aman galanyny». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Şeýdip, ysraýyl halky Edomyň aman galanlaryna, Maňa degişli bolan ähli milletlere eýelik eder. Muny şu işi bitirýän Hudaýyňyz Reb aýdýandyr.


Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.


Ýusubyň, ýagny Efraýymyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.


Ýazer galasy, Gilgadyň ähli galalary we ammonlaryň ýurdunyň ýarysy, Rabanyň gündogaryndaky Arogere çenli;


Gilgadyň ýarysy, Aştarot we Edreý (Başan hany Oguň hanlyk eden galalary). Bular Manaşanyň ogly Makyryň nesilleri üçin olaryň uruglary boýunça berlen paý boldy.


Edomyň araçäginiň golaýyndaky günorta Negep çölünde olara şu galalar degişlidir: Kabseýel, Eder, Ýagur,


Günbatar baýyrlyklarda: Eştawol, Sorga, Aşna,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ