Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Abadýa 1:18 - Mukaddes Kitap

18 Ýakubyň nesli ot bolar, Ýusubyň zürýady alawa döner. Oduň samany ýakyşy ýaly, olar Ysawyň neslinden yz goýmaz. Ysawyň ilinden gutulany bolmaz. Çünki muny Reb aýtdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Якубың несли от болар, Юсубың зүряды алава дөнер. Одуң саманы якышы ялы, олар Ысавың неслинден ыз гоймаз. Ысавың илинден гутуланы болмаз. Чүнки муны Реб айтды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Abadýa 1:18
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sebäbi men guluňyz özümiň günäkärdigimi bilýärin. Şoňa görä-de, men şu gün Ýusubyň nesillerinden ilkinji bolup, siz şa hezretlerini garşylamaga geldim».


Şeýdip, halk özlerine saman edinmek üçin orlan meýdan gözläp, Müsüriň ähli ýerine dagadylar.


Ysraýylyň Nury ot, onuň Mukaddesi ýalyn bolar, ýalyn onuň tikenleridir çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar.


Gorkudan ýaňa ýykylar olaryň gaýasy, serkerdeleri baýdagy görüp titreşerler». Muny ody Sionda, ojagy Iýerusalimde bolan Reb aýdýandyr.


Ine, olar sypal kimindirler, ot olary ýandyrýar; janlaryny ýalnyň güýjünden halas edip bilmeýärler. Bu ot ne çoýunara köz, ne-de alaw bolar başynda oturara.


Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.


Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar.


Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez.


Olardan aman galany bolmaz. Çünki wagty gelende, Men anatot halkynyň başyndan betbagtlyk indererin».


«Eý, ynsan ogly, özüňe bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýahuda üçin we onuň bilen birleşen ysraýyllar üçin“ diýip ýaz. Ýene bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýusup we onuň bilen jebisleşen tutuş ysraýyl halky üçin Efraýymyň taýagy“ diýip ýaz.


olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men Efraýymyň elindäki taýagyny Ýusup bilen birleşen ysraýyl tireleriniň taýagyny alyp, Ýahudanyň taýagyna seplärin. Olary bir taýak ederin, Meniň elimde olar bir bolarlar.


Olar söweşe taýýar güýçli leşger dek, şöweş arabalarynyň takyrdaýşy dek, samany ýandyrýan ýalnyň şatyrdaýşy dek, dag depelerinden böküp aşýarlar.


Ýok ederin Aşdodyň ilatyny, Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary. Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin, heläk ederin piliştlileriň aman galanyny». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.


şakäseden şerap içýänler, üstlerine iň oňat atyr sepýänler, Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar, halyňyza waý!


Çünki, siz, ýahudalar, Meniň mukaddes dagymda içdiňiz. Ähli milletler-de hemişe şeýle içerler we ýuwudyp, asla bolmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi jeza käsesinden içerler.


Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.


Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, arakhorlar kimin serhoşdyrlar; gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.


Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Bu binýadyň üstünde bolsa kimiň altyndan, kümüşden, gymmatbaha daşlardan, agaçdan, çöp-çalamdan ýa-da samandan


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ