Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Abadýa 1:15 - Mukaddes Kitap

15 Çünki, Rebbiň ähli milletlere höküm etjek güni golaýlap gelýär. Eý, Edom, näme eden bolsaň, saňa-da şol bolar. Edeniň başyňa düşer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Чүнки, Реббиң әхли миллетлере хөкүм этҗек гүни голайлап гелйәр. Эй, Эдом, нәме эден болсаң, саңа-да шол болар. Эдениң башыңа дүшер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Abadýa 1:15
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne Ester patyşanyň huzuryna baranda, patyşa: «Hamanyň ýahudylara garşy guran hilesi onuň öz başyna gelsin hem-de onuň özi we ogullary dardan asylsyn» diýip, ýazmaça perman çykardy.


«Näme üçin Gudratygüýçli höküme wagt bellemeýär? Näme üçin Ony tanaýanlar bu günleri görmeýärler?


Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.


Erbetler öz etmişinde tutulyp, günälerine baglanýarlar.


«Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Reb şeýle diýýär: «Jeza käsesinden içmäge laýyk bolmadyklar içenlerinden soň, heý-de, sen içmän, jezasyz galarmyň? Ýok, jezasyz galmarsyň, jeza käsesinden hökman içersiň.


Ok atýanlary, kemançylaryň baryny Babylyň garşysyna çagyryň! Onuň töwerek-daşynda düşelge guruň, hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn. Eden işine görä onuň almytyny beriň, ähli edenlerini onuň özüne ediň. Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine garşy küpürlik etdi.


Babylyň garşysyna heläkleýji çykdy, onuň batyr ýigitleri ele salyndy, ýaýlary bölek-bölek boldy, çünki Reb öç alýan Hudaýdyr; onuň etmişiniň almytyny berer.


Çünki ol gün ýakyndyr, Rebbiň güni golaýdyr. Ol gün apy-tupan güni, milletleriň jebir çekjek döwrüdir.


Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: Öz barlygymdan ant içýärin, Men hem seniň halkyma bolan ýigrenjiň sebäpli görkezen gahar we göripligiňe laýyk iş keserin. Seniň üstüňden höküm çykaranymda, ysraýyllaryň arasynda Özümi aýan ederin.


Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».


Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.


Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.


Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?


Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler! Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz? Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr.


Rebbiň güni ýagtylyk däl-de, garaňkylyk dälmidir? Ol hiç bir yşyksyz tüm garaňkylyk dälmidir?


Boýun bolmaýan milletlerden gahar-gazap bilen öç alaryn».


Köp milletleri talandygyňyz üçin, ynsanlaryň ganyny döküp, ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin, halklaryň aman galanlary sizi talarlar.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


Şonda Adonybezek: «Elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklary çapylan ýetmiş sany baştutan meniň saçagymdan gaçan çörek owuntyklaryny çöpläp iýipdi. Şolara edenlerimi indi Hudaý meniň özüme görkezýär» diýdi. Olar Adonybezegi Iýerusalime getirdiler; ol şol ýerde öldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ