Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Abadýa 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Sen Meniň halkyma bela gelen gününde, olaryň derwezesinden girmeli däldiň. Olaryň gyrgynçylyk gününe içiňden begenip seretmek, heläkçilik gününde olaryň emlägine galtaşmak hiç dogry däldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Сен Мениң халкыма бела гелен гүнүнде, оларың дервезесинден гирмели дәлдиң. Оларың гыргынчылык гүнүне ичиңден бегенип серетмек, хеләкчилик гүнүнде оларың эмләгине галташмак хич догры дәлди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Abadýa 1:13
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Belki, Reb çekýän ezýetimi görüp, şu günki gargyşyň ýerine maňa bähbitlisini eder» diýdi.


Duşmanlarymyň heläkçiligine begenip, başlaryndan bela inende, heşelle kakan däldirin.


Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.


«Men-Reb ol ýerde bolsam-da, sen „Bu iki millet, bu iki ýurt biziňki bolar, biz ony eýeläris“ diýdiň.


Sende ebedi duşmançylyk bar. Sen ysraýyl halkynyň başyna bela gelen güni, soňky jezasy döwründe olary gylyja tabşyrdyň.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Duşman siz hakda: ‘Heýjanelek! Indi gadymy belentlikler-de biziň mülkümiz boldy!’ diýýär“».


Şonuň üçin pygamberlik et-de, şeýle diý: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Sizi harabaçylyga öwrüp, her tarapdan weýran etdiler. Şeýdip, siz milletleriň galyndysyna mülk bolduňyz, agza-dile düşüp, ile gürrüň bolduňyz“».


Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ