Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Abadýa 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Doganyň Ýakubyň nesline zalymlyk edeniň üçin, bütin betnam bolarsyň we ebedi ýok edilersiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Доганың Якубың неслине залымлык эдениң үчин, бүтин бетнам боларсың ве эбеди ёк эдилерсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Abadýa 1:10
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup ejesine şeýle jogap berdi: «Doganym Ysaw tüýlek adam, meniň derim bolsa tüýsüz.


Kakasyndan alan patasy üçin Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi. Ol öz ýanyndan: «Kakamyň ölüm pursady golaýlap gelýär. Kakamyň ýas günleri geçenden soň, men Ýakuby öldürerin» diýip oýlanýardy.


Edomlylar ýene-de çozup, Ýahudadan üstün çykypdy, olary ýesir edip äkidipdiler.


Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.


Dogrularyň başyna bereket ýagýar, erbediň dilinde zorluk gizlenýär.


Garyby ýaňsylaýan Ýaradany kemsidýändir, betbagtlyga şatlanýan bolsa jezasyz galmaz.


«Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Çünki Öz barlygymdan ant içýärin, Bosra howpa, masgaraçylyga, harabaçylyga, nälete sezewar bolar». Muny Reb aýdýandyr.


Biz käýinç eşidenimizde utandyk. Gelmişekler Rebbiň öýüniň mukaddes ýerlerine girdiler, şonda ýüzümizi ryswalyk örtdi».


Eý, Us ýurdunda ýaşaýan Edom gyzy, şatlan, begen! Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter, serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda.


Eý, Sion gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy, Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez, emma seniň etmişiňiň jezasyn berip, günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.


Seni ebedilik harabaçylyga öwrerin, galalaryň ilatsyz bolar. Onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň“».


Olar jul geýerler, olary howsala gaplar. Hemmäniň ýüzi utançly bolar, ähli başlaryň saçy syrylar.


Weýran bolar Müsür, döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem; boýadylar topraklaryny bigünä gana.


Reb şeýle diýýär: «Men edomlylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki doganlaryny gylyçly kowalap, rehim-şepagat etmediler, çäksiz gaharyny dökdüler, gazap atyna baky atlandylar.


«Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol.


Edomlaryň hijisini ýigrenmäň, çünki olar siziň garyndaşlaryňyzdyr. Müsürlileriň hem hijisini ýigrenmäň, çünki siz olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz.


Olaryň agtyklary Rebbiň jemagatyna girip biler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ