Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“.
Goý, olar gadymy rowaýatlara, tükeniksiz nesil şejerelerine ýykgyn etmesinler. Bular dawa-jenjelleriň döremegine sebäp bolup, Hudaýyň tabşyrygynyň iman arkaly amala aşyrylmagyna päsgel berýändir.
Size Rebbimiz Isa Mesihiň gudrat bilen gelşi hakda habar berenimizde, biz toslama ertekilere eýermedik. Biz Onuň şan-şöhratyny öz gözümiz bilen gördük.