Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 4:3 - Mukaddes Kitap

3 Çünki adamlaryň sagdyn taglymaty diňläsi gelmejek zamanasy geler. Şonda olar öz höweslerine ýaraşykly, gulaklaryna-da ýakymly sözleri aýtjak öwredijileri gözlärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Чүнки адамларың сагдын таглыматы диңләси гелмеҗек заманасы гелер. Шонда олар өз хөвеслерине ярашыклы, гулакларына-да якымлы сөзлери айтҗак өвредиҗилери гөзләрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 4:3
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Ylýas halka şeýle diýdi: «Rebbiň pygamberlerinden men, diňe men galdym, ýöne Bagalyň pygamberleri dört ýüz ellidir.


Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapada: «Men saňa ol hiç haçan ýagşy zat hakda däl-de, eýsem, diňe betbagtçylyk hakda pygamberlik edýär diýip aýtmadymmy näme?» diýdi.


Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapada şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.


Reb Musa: «Kimde-kim Maňa garşy günä etse, onuň adyny kitabymdan öçürip taşlaryn.


Olara: «Bu dynçlyk ýeridir, argynlara dynç beriň, bu dynçlyk ýeridir» diýdi; emma diňlemek islemediler.


Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


„Şonuň üçin hem siz ‘Babyl patyşasyna gulluk etmäň’ diýýän pygamberleriňizi, palçylaryňyzy, düýş ýorujylaryňyzy, jadygöýleriňizi, müneçjimleriňizi diňlemäň.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Araňyzdaky pygamberleriňize, palmanlaryňyza özüňizi aldatmaň, siziň üçin görýän düýşlerine gulak asmaň.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we çakyr hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder.


Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.


Ähli adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza! Çünki ata-babalary-da galp pygamberlere şeýle etdiler.


Emma Men hakykaty aýdýandyryn. Şonuň üçinem siz Maňa iman etmeýärsiňiz.


Hemme afinylylar we ol ýerde ýaşaýan başga milletler ähli wagtlaryny täze düşünjeler barada gürrüň etmek ýa-da diňlemek bilen geçirýärdiler.


Eý, doganlar, men size Hudaý baradaky şaýatlygy yglan etmäge baranymda, dilewarlyk ýa söz danalygy bilen barmandym.


Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi.


Eýsem, men size hakykaty aýdýanlygym üçin, indi duşmanyňyza öwrüläýdimmi?


zynahorlar, biri-biri bilen ýatýan erkekler, gul söwdagärleri, ýalançylar, ähtiýalanlar, umuman, sagdyn taglymata garşy çykýanlaryň ählisi üçindigini bilýäris.


Saňa öwreden dogry taglymatymy nusga hökmünde gaýym tutup, Isa Mesihiň berýän imanyna we söýgüsine eýer.


Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ