Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 4:2 - Mukaddes Kitap

2 pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 пурсадың аматлы болуп-болмазлыгына гарама-да, Хош Хабары дынгысыз вагыз эт. Гүнә эдйәнлери паш эдип, олары язгар, сабырлылык билен өвүт-үндев берип, таглыматы өврет.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 4:2
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar: «Ol ölüm howply bela uçrady, ine, ýatyr, indi galmaz» diýýärler.


Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr!» diýip jogap berdi.


Olar Isanyň ýanyna gelip, Oňa ýürekden ýalbaryp: «Bu adam Seniň kömek etmegiňe mynasyp, sebäbi ol biziň halkymyzy söýýär, hatda bize sinagoga hem gurup berdi» diýdiler.


Emma Isa oňa: «Goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler, ýöne sen git-de, Hudaýyň Şalygyny wagyz et» diýdi.


Onsoň Salamise gelip, ýahudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Ýohanna hem olaryň ýanynda bolup, kömek berýärdi.


Sabat güni biz şäherden derýa ýakasyna çykdyk. Ol ýerde ybadat edilýän ýeriň bardygyny bilýärdik. Onsoň ol ýerde ýygnanan aýallar bilen oturyp, olara gürrüň bermäge başladyk.


Hepdäniň birinji güni bile çörek iýmäge ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçidi, şonuň üçin ýarygijä çenli wagyz etdi.


Biz Rime gelenimizden soň, Pawlusa bir esgeriň gözegçiligi astynda özbaşdak ýaşamaga rugsat berildi.


Eger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!».


Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.


Şunlukda, söz arkaly öwüt alýan adam oňa öwüt berýän bilen ähli ýagşy zatlaryny paýlaşsyn.


Siziň bähbidiňiz üçin Hudaýyň maňa beren tabşyrygyna görä, men bu imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum. Bu tabşyryk Hudaýyň sözüni, ýagny geçen asyrlardan we nesillerden gizlin saklanan, emma indi Onuň halkyna aýan edilen syry doly äşgär etmekden ybaratdyr.


Biziň üçin hem dileg ediň: Hudaýyň sözüni ýaýradyp, Mesih baradaky syry aýan eder ýaly, Onuň Özi bize gapy açyp bersin. Ine, şonuň üçinem men tussaglykdadyryn.


Siz agyr muşakgatlar çekseňiz-de, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen Hoş Habary kabul edip, biziň we Rebbiň göreldesine eýerdiňiz.


Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň.


Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň.


Men barýançam, ýygnaga Mukaddes Ýazgylary okamak, öwüt-nesihat etmek we öwretmek bilen meşgul bol.


Günäli çykanlary bolsa köpçüligiň öňünde paş et. Goý, bu beýlekilere hem sapak bolsun.


Imanlylar babatda hem şeýle: özüni her tüýsli ýamanlykdan saklaýan imanly ýörite saýlanylyp, Hojaýyny üçin ýaramly gap kimin bolar. Ol islendik ýagşy işler üçin taýýardyr.


Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip,


Emma sen meniň taglymatymy, durmuş ýörelgämi, maksadymy, imanymy, sabyr-takatymy, söýgimi, çydamlylygymy bilýänsiň. Antiýoh, Ikoniýa we Listra şäherlerindäki yzarlanmalar zerarly gören görgülerimi, olara näderejede çydandygymy hem bilýänsiň. Reb meni bu görgüleriň baryndan halas etdi.


Bu gaty jaýdar aýdylan sözlerdir. Şonuň üçin-de, sagdyn imanly bolmaklary üçin, olary paş et.


Hawa, bularyň baryny öwret. Doly ygtyýar bilen öwüt-ündew ber, günä edýänleri paş et. Goý, hiç kim seni äsgermezlik etmesin.


Eý, doganlar, size ýazan bu gysga hatymdaky öwüt-ündewlerimi çyn ýürekden kabul etmegiňizi haýyş edýärin.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ