Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Яннис билен Ямбрисиң Муса гаршы чыкышы ялы, бу адамлар хем хакыката гаршы чыкяндырлар. Оларың пикири бозук, иманлары болгусыздыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 3:8
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Faraon hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler.


Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. Şeýdip, faraonyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, faraon olary diňlemedi.


Jadygöýler hem öz gizlin usullary bilen çirkeý döretmäge synanyşdylar, emma olar muny başarmadylar. Şeýlelikde, çirkeýler adamlaryň we haýwanlaryň üstünde gezişip ýördüler.


Emma jadygöýler hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler, olar hem Müsürde gurbagalar çykardylar.


Biziň eşidişimize görä, aramyzdan käbirleri baryp, öz sözleri bilen sizi howsala salyp, aňyňyzy bulaşdyrypdyrlar. Emma olary biz ibermedik.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


imanda berk durup, ynsabyňy päk sakla. Käbir adamlar ynsaplaryny ýuwudandygy üçin, imanlary gaýa urlan gämi kimin çym-pytrak boldy.


Bu taglymatlar ynsaplaryny ýuwudan ikiýüzli ýalançylar tarapyndan ýaýradylýar.


Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler.


Sen hem ondan ägä bol, sebäbi ol biziň aýdýanlarymyzyň baryna bütinleý garşy çykypdy.


Sebäbi pitneçiler, ýaňralar we kezzaplar diýseň köpdür. Şeýle adamlar, esasan-da, halas bolmak üçin sünnet edilmelidigini ündeýänleriň arasynda bardyr.


Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işlerinde Ony ret edýändirler. Olar nejis, boýunegmezek bolup, ýagşylyk etmäniň nämedigini-de bilmeýärler.


Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.


Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.


Ýöne şu edýänleriňi welin oňlaýaryn: sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň. Men hem olary ýigrenýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ