Men olara Hudaýymyň maňa nähili kömek edendigini we patyşanyň maňa aýdan zatlaryny gürrüň berdim. Onsoň olar: «Geliň, işe başlalyň!» diýşip, bu oňat iş üçin billerini berk guşadylar.
Imanlylar babatda hem şeýle: özüni her tüýsli ýamanlykdan saklaýan imanly ýörite saýlanylyp, Hojaýyny üçin ýaramly gap kimin bolar. Ol islendik ýagşy işler üçin taýýardyr.
Eý, oglum, imanlylara häli-şindi şulary ýatladyp dur: goý, olar hökümdarlara we ygtyýarlylara gulak asyp, olara tabyn bolsunlar, islendik wagt ýagşylyk etmäge taýyn bolsunlar.