Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Mukaddes Ýazgylaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Olar öwretmek, günä edýänleri paş etmek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Мукаддес Язгыларың әхлиси Худайың ылхамы билен язылды. Олар өвретмек, гүнә эдйәнлери паш этмек, ёла гетирмек, догрулыкда тербиелемек үчин пейдалыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 3:16
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Rebbiň Ruhy meniň üstüm bilen gepleýär, dilimde Onuň sözleri.


Olara öwüt bermek üçin paýhasly Ruhuňy berdiň. Mannany olaryň agzyndan kesmediň, suwsanlarynda suw berdiň.


Dogry ýoly terk edýän berk jeza alar, terbiýäni ýigrenýän ölüme barar.


Ýaşaýyş öwüdini diňleýän gulak parasatlylar arasynda mesgen tutar.


Ýaman aýaldan, süýji dilli zynahor aýaldan goramak üçin, buýruk – çyra, öwüt – nur, käýinç-terbiýe – ýaşaýşa ýoldur.


Eý, Ýakubyň nesli, heý: «Rebbiň sabyr käsesi doldumy? Ol beýle işleri edermi?» diýmelimi siz? Meniň sözlerim dogruçylyň haýryna dälmi näme?


Ol söze gulak asmady, öwüt almady, Rebbe bil baglamady, Hudaýyna ýakynlaşmady.


Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.


Isa olardan: «Siz näme Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy. Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy“ diýen sözleri okamadyňyzmy?» diýip sorady.


Isa olara şeýle diýdi: «Onda näme üçin Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, Mesihe Reb diýýär? Ol şeýle diýipdir:


Emma beýtsem, Mukaddes Ýazgylar nähili berjaý bolar? Bularyň ählisiniň amala aşmagy gerek ahyry!»


Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz. Ýalňyşyňyzyň sebäbi hem şunda dälmi?


Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir: „Hudaý Rebbime şeýle sözledi: ‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur’“.


Mukaddes Ýazgylary üýtgedip bolmaýandygyny bileňzokmy näme?! Hudaýyň Sözi gelen adamlar „hudaýlar“ diýlip atlandyrylan bolsa,


Ýamanlyk edýän adam Nury ýigrenýändir, öz edýän pislikleriniň äşgär bolmagyndan gorkup, Nura ýakynlaşýan däldir.


«Eý, doganlar! Isany tutmaga gelenlere ýolbaşçylyk eden Ýudas hakda Mukaddes Ruh Dawut arkaly owal-başdan pygamberlik edipdi. Mukaddes Ýazgylardaky şol sözler amala aşmalydy.


Rebbiň ýolunda tälim alan bu adam ruhy hyjuw bilen gepleýärdi. Diňe Ýahýanyň çümdüriş taglymatyny alan hem bolsa, Isa bilen bagly taglymaty dogry öwredýärdi.


Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrmadym. Öýme-öý aýlanyp, hemmesini size aç-açan wagyz etdim.


Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.


Olar biri-biri bilen özara ylalaşmadylar. Olar gitmekçi bolup durkalar, Pawlus şeýle diýdi: «Işaýa pygamber arkaly Mukaddes Ruh ata-babalaryňyza şu sözleri jaýdar aýdypdyr:


Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlaryň bary bize taglym öwretmek üçin ýazylandyr. Biz Mukaddes Ýazgylar arkaly sabyr-takatly bolmagy öwrenýäris, olaryň berýän tesellisi arkaly umytlydyrys.


Ýahudy bolmagyň artykmaçlygy köpdür! Sebäbi Hudaýyň kanunlary we wadalary ilki ýahudylara berildi.


Bu sözler diňe Ybraýyma degişli däldir.


Her kesde Mukaddes Ruhuň aýan bolmagy hemmeleriň bähbidi üçindir.


Hudaý Ybraýyma: «Ähli milletler sen arkaly ýalkanar» diýip, oňa ilkibaşda buşlapdy. Mukaddes Ýazgylaryň şu sözleri Hudaýyň milletleri imanlaryna görä aklajakdygyny owaldan habar beripdi.


Gizlin syrlar Hudaýymyz Rebbe degişlidir. Emma bu Kanunyň ähli sözlerini ýerine ýetirmek üçin aýan edilen zatlar ebedilik bize we biziň çagalarymyza degişlidir.


Ol sizi terbiýelemek üçin, asmandan size Öz sesini eşitdirdi. Ýerde Ol size beýik ot görkezdi. Siz oduň içinden Onuň sesini eşitdiňiz.


Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip,


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Iman umyt edýän zatlarymyza bil baglamak we görmeýän zatlarymyza ynanmakdyr.


Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,


Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ