Adamlar bizi sylasalar-da, kemsitseler-de, myjabat ýapsalar-da, öwseler-de – biz barybir Hudaýa hyzmat edýäris. Olar bizi ýalançy saýýarlar, ýöne biz hakykaty sözleýändiris.
Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.
Adamlar Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçyp gutuldylar. Eger olar mundan soňam ýene şunuň ýaly işlere baş goşup, günäniň guly bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňki ýagdaýyndan-da beter bolar.
Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.
Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.