Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 3:10 - Mukaddes Kitap

10-11 Emma sen meniň taglymatymy, durmuş ýörelgämi, maksadymy, imanymy, sabyr-takatymy, söýgimi, çydamlylygymy bilýänsiň. Antiýoh, Ikoniýa we Listra şäherlerindäki yzarlanmalar zerarly gören görgülerimi, olara näderejede çydandygymy hem bilýänsiň. Reb meni bu görgüleriň baryndan halas etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эмма сен мениң таглыматымы, дурмуш йөрелгәми, максадымы, иманымы, сабыр-такатымы, сөйгими, чыдамлылыгымы билйәнсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 3:10
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwdi. Şeýdip, ol baş gözegçiden özüniň patyşanyň saçagyndan bölüp berilýän nahardan, şerapdan saklanmagyny haýyş etdi.


Şonuň üçin, eý, gadyrly Teofil, meniň özüm hem bolup geçen wakalaryň anygyna ýetip, saňa hemmesini jikme-jik ýazmagy ýüregime düwdüm.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.


Ýolbaşçylar Pawlusyň ýanyna gelenlerinde, olara şeýle diýdi: «Meniň Aziýa welaýatyna gelen ilkinji günümden bäri siziň ýanyňyzda nähili ýaşandygymy özüňiz bilýänsiňiz.


Ýaşlygymdan başlap, ilki öz halkymyň arasynda, şeýle hem Iýerusalimde geçiren durmuşymy ähli ýahudylar bilýändirler.


Eý, doganlar, size öwredilen taglymata garşy çykyp, araňyzda agzalalyklary döredýänlerden, imanyňyza böwet bolýanlardan ägä boluň diýip ýalbarýaryn. Şeýle adamlardan gaça duruň.


Eýsem men öz niýetlänlerimde durnuksyzlyk etdimmi? Ýa-da bulary niýetlänimde bu dünýäniň adamlary ýaly ikigöwünli bolup, ilki «hawa, hawa», soňra-da «ýok, ýok» diýýärinmi?


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


Timoteos hem edil men ýaly siz babatda şeýle yhlasly, şeýle janypkeş. Ondan başga ibermäge şeýle adamym-da ýok.


Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi.


Men Makedoniýa ugranymda, Efes şäherinde galmagyňy haýyş edipdim. Sen ol ýerdäki adamlaryň käbirine ýalan taglymatlary ýaýratmazlygy buýur.


Eý, oglum, sen bulary doganlara öwretseň, öz eýeren imanyň baradaky hakykat taglymatynyň sözleri bilen ýetişdirilersiň. Şeýdip, Isa Mesihiň oňat hyzmatçysy bolarsyň.


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


Ýaşlyk höweslerinden gaç. Päk ýürekden Rebbe ybadat edýänler bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk ýörelgelerine eýer.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Çünki adamlaryň sagdyn taglymaty diňläsi gelmejek zamanasy geler. Şonda olar öz höweslerine ýaraşykly, gulaklaryna-da ýakymly sözleri aýtjak öwredijileri gözlärler.


Men ökde söweşiji kimin söweşdim, pellehana ýetdim, imanyma sadyk galdym.


Ýagşy işleriň bilen olara ähli zatda görelde bol. Taglymaty sap ýürekden agraslyk bilen öwret,


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ