Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Dawudyň neslinden bolan we ölümden direlen Isa Mesihi unutma. Bu meniň wagyz edýän Hoş Habarymdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Давудың неслинден болан ве өлүмден дирелен Иса Месихи унутма. Бу мениң вагыз эдйән Хош Хабарымдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 2:8
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:


Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr.


Şeýlelikde, Hudaý Öz beren wadasyna görä, Dawudyň neslinden Isany ysraýyl halkyna Halasgär edip iberdi.


Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi.


Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda oturjakdygyny bilýärdi.


Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.


Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir.


Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz.


Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.


Ol Rebbimiz Isa Mesihiň şöhratyna şärik bolup bileriňiz ýaly, wagyz edýän Hoş Habarymyz arkaly sizi bulara çagyrdy.


Hawa, beýik we şöhratly Hudaýyň maňa ynanan Hoş Habary hut şeýle öwredýändir.


Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim.


Şonuň üçin-de, Rebbimiz barada şaýatlyk etmäge utanma. Onuň hatyrasyna tussag edilenligimden-de utanma. Tersine, Hudaýyň berýän güýji bilen Hoş Habaryň ugrunda görýän görgülerime şärik bol.


Şu aýdýanlarym barada oýlan. Bularyň baryna düşüneriň ýaly, Rebbiň Özi saňa düşünje berer.


Şonda ýaşulularyň biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda tiresinden, Dawudyň kökünden bolan Arslan üstün çykdy. Ol ýedi möhür bilen möhürlenen düýrlenen kagyzy açmagy başarar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ