Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Isa Mesihiň hakyky esgeri bolup, biziň iman ugrunda görýän görgülerimize şärik bol.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Иса Месихиң хакыкы эсгери болуп, бизиң иман угрунда гөрйән гөргүлеримизе шәрик бол.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 2:3
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Esgerler özlerine buýrulyşy ýaly, Pawlusy alyp, gije Antipatrise getirdiler.


Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr.


Gullukdaky esgerler öz hasabyna ýaşaýarlarmy? Eýsem miwesinden iýmejek bolsa, üzüm agajyny oturdýan barmy? Süri bakyp-da, onuň süýdüni içmeýän barmy?


Eger biz görgüler görýän bolsak, bu siziň teselli tapmagyňyz we halas bolmagyňyz üçindir. Hudaý bize teselli berýän bolsa, bu biziň-de size teselli bermegimiz üçindir. Siz hem biz ýaly görgüler göreniňizde, şu tesellimizden teselli tapyp, muşakgatlaryň baryna döz gelersiňiz.


Eý, oglum Timoteos, sen barada aýdylan pygamberlikleri nazara alyp, saňa şuny berk tabşyrýaryn: bu pygamberliklere daýanyp, ökde söweşiji kimin söweş,


Isa Mesihiň resuly men Pawlusdan söýgüli oglum Timoteosa dogaýy salam! Hudaý meni Isa Mesih arkaly beren ýaşaýyş wadasyny jar etmek üçin saýlady. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty we parahatlygy saňa ýar bolsun!


Şonuň üçin-de, Rebbimiz barada şaýatlyk etmäge utanma. Onuň hatyrasyna tussag edilenligimden-de utanma. Tersine, Hudaýyň berýän güýji bilen Hoş Habaryň ugrunda görýän görgülerime şärik bol.


Ine, hut şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Isa Mesih arkaly halas bolar ýaly, olaryň hatyrasyna ähli zada döz gelýärin.


Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp, jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip bolýan däldir!


Sen bolsa her ýagdaýda hüşgär bol, görgülere dözümli bol, Hoş Habary ýaýratmak ugrunda zähmet çek, özüňe tabşyrylan hyzmaty doly bitir.


Öňki günleriňizi ýadyňyza salyň. Şonda siz Hudaýdan nurlanyp, jebir-jepalara döz gelipdiňiz.


Ol patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Göze Görünmeýäni göreni üçin saýlan ýolunda berk durdy.


Şeýlelikde, Ybraýym sabyr-takat bilen garaşyp, berlen wada ýetdi.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Reb muny Ysraýylyň her bir nesline söweşmegi öwretmek üçin, esasan hem öň hiç haçan urşup görmedik, urşa hiç hili tejribesi ýok soňky nesil üçin etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ