Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 2:26 - Mukaddes Kitap

26 akylyna aýlanarlar, iblisiň duzagyndan gutularlar. Sebäbi iblis olary ýesirlige alyp, öz niýetini amala aşyrmaga mejbur edýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 акылына айланарлар, иблисиң дузагындан гутуларлар. Себәби иблис олары есирлиге алып, өз ниетини амала ашырмага меҗбур эдйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 2:26
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.


Reb şeýtana: «Bolýar, Eýýup seniň eliňde, ýöne onuň janyny aýa» diýdi.


Şonuň üçin olar gidip, arkan ýykylyp, ýaralanarlary ýaly, duzaga düşüp, tutulary ýaly, Rebbiň sözi olar üçin: «Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde» bolar.


Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.


Olaryň köpüsi büdräp, ýykylar, ýumrular, duzaga düşürilip, tutular».


Eger bir güýçli adam depesinden dyrnagyna çenli ýaraglanyp, öz öýüni goraýan bolsa, onuň mal-mülki howpsuzdyr.


Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!


Simunyň ýoldaşlary Ýakup bilen Ýohanna atly Zebedeýiň ogullary hem muňa haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk balyk deregine ynsanlary tutarsyň» diýdi.


Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy.


Çöregi alan badyna, Ýudanyň içine şeýtan girdi. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, tizräk et» diýdi.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.


Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn.


Men muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim. Onuň kezzaplygy bize mälim ahyryn.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


Himeneý bilen Isgender-de şeýle adamlara degişlidir. Men Hudaýa dil ýetirmezligi öwrensinler diýip, olary şeýtana tabşyrdym.


Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ