Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 2:20 - Mukaddes Kitap

20 Uly hojalykdaky gaplaryň ählisi altyndan we kümüşden däldir. Olaryň arasynda agaçdan, toýundan ýasalanlary hem bardyr. Olaryň käbiri dabaraly, käbiri bolsa adaty maksatlar üçin ulanylýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Улы хоҗалыкдакы гапларың әхлиси алтындан ве күмүшден дәлдир. Оларың арасында агачдан, тоюндан ясаланлары хем бардыр. Оларың кәбири дабаралы, кәбири болса адаты максатлар үчин уланыляндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 2:20
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň töweregindäki ýerli ilat bolsa altyn, kümüş gaplar, emläk, mal-garalar, gymmatbaha zatlar we ýene-de ybadathana üçin meýletin sadakalar hem berip, olara ýardam etdi.


Şeýle hem Nebukadnesar tarapyndan Hudaýyň Iýerusalimdäki öýünden alnyp, Babyla getirilen altyndyr kümüş gaplar yzyna eltilip, ýene-de ybadathanada ýerli-ýerinde goýulsyn. Siz olary Hudaýyň öýünde goýmalysyňyz“».


Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun.


Sionyň jandan eziz çagalary sap altyndan-da gymmatlydy! Wah, indi küýzegäriň eliniň işi gury bir toýna deň bolup galdy!


Belşasar şerapdan keýplenip, atasy Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki ybadathanadan alyp gaýdan altyn we kümüş gap-gaçlaryny getirmekligi buýurdy. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içmekçidiler.


Isa olara jogap berip: «Meni jyn uranok! Men Atamy hormatlaýaryn, emma siz Meni hormatlamaýarsyňyz.


Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?


Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz.


Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy äşgärdir.


Siz hem ýahudylar ýaly Hudaýyň Mukaddes Ruhunyň mesgeni bolmak üçin, hemmäňiz birlikde Mesihde bina edilýärsiňiz.


Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ