Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 2:2 - Mukaddes Kitap

2 Köp şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek ygtybarly adamlara tabşyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Көп шаятларың янында менден эшиден сөзлериңи бейлекилере-де өвредип билҗек ыгтыбарлы адамлара табшыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 2:2
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi.


Sen bolsa, Ezra, Hudaýyň saňa beren pähim-paýhasyna görä, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda, seniň Hudaýyňyň kanunlaryny bilýän bütin halka hökümini ýöredip biljek kazylary, häkimleri belle. Kanuny bilmeýänlerine-de sen öwret.


Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.


Iňňildimiň zaryndan ýaňa, meniň derim süňklerime ýapyşýar.


Erbet ilçi başa bela getirýär, sadyk ilçi bolsa şypa getirýär.


Pygamber öz gören boş düýşlerini gürrüň beribersin, emma Meniň sözümi eşiden her kes sözümi hakyky beýan etsin. Heý-de, bugdaýy saman bilen deňäp bolarmy? Muny Reb aýdýandyr.


Aýrylan daşlaryň ýerine başga daşlar örülip, öý täzeden suwalsyn.


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir, Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.


Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.


Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Şeýle hyzmatçylardan bolsa sadyklyk talap edilýändir.


Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar.


Bu işi öz-özümizden başarýarys diýip aýtmaga hiç esasymyz ýokdur. Bu başarnygy bize Hudaý berýär.


Siz bu Hoş Habary söýgüli işdeşimiz Epafradan öwrendiňiz. Ol siziň ugruňyzda Mesihiň sadyk hyzmatkäridir.


Men Rebbimiz Isa Mesihiň maňa gujur-gaýrat berendigi üçin şükür edýärin. Ol meni sadyk saýyp, Özüne hyzmat etmäge belledi.


Eý, oglum Timoteos, sen barada aýdylan pygamberlikleri nazara alyp, saňa şuny berk tabşyrýaryn: bu pygamberliklere daýanyp, ökde söweşiji kimin söweş,


Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme.


Eý, oglum, sen bulary doganlara öwretseň, öz eýeren imanyň baradaky hakykat taglymatynyň sözleri bilen ýetişdirilersiň. Şeýdip, Isa Mesihiň oňat hyzmatçysy bolarsyň.


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Iman ugrundaky göreşde edermenlik bilen göreş we baky ýaşaýşy makäm tut. Hudaý seni muňa çagyrdy, sen hem imanyňy köp şaýadyň öňünde doly ykrar edensiň.


Emma sen meniň taglymatymy, durmuş ýörelgämi, maksadymy, imanymy, sabyr-takatymy, söýgimi, çydamlylygymy bilýänsiň. Antiýoh, Ikoniýa we Listra şäherlerindäki yzarlanmalar zerarly gören görgülerimi, olara näderejede çydandygymy hem bilýänsiň. Reb meni bu görgüleriň baryndan halas etdi.


Emma sen öz öwrenen we ynanýan taglymatyňa sadyk gal. Çünki ony kimlerden öwrenendigiňi bilýänsiň.


Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.


Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip-saýlan patyşamyň huzurynda gezer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ