Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 2:18 - Mukaddes Kitap

18 hakykat ýolundan azaşandyrlar. Olar direliş eýýäm amala aşdy diýip, käbir adamlaryň imanyny weýran edýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 хакыкат ёлундан азашандырлар. Олар дирелиш эййәм амала ашды дийип, кәбир адамларың иманыны вейран эдйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 2:18
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir ösümligi köki bilen sogrular.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz, ine, şu sebäpden ýalňyşýarsyňyz.


Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Ýöne olarda kök ýokdur. Olar az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.


Emma Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz. Birden Hudaýa garşy söweşýänler bolup çykaýmaň».


Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär.


Biz Mesih direldi diýip wagyz edýäris. Onda siziň araňyzdan käbirleri nädip merhumlar direlmez diýip bilýär?


Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr.


imanda berk durup, ynsabyňy päk sakla. Käbir adamlar ynsaplaryny ýuwudandygy üçin, imanlary gaýa urlan gämi kimin çym-pytrak boldy.


sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.


Sebäbi käbir adamlar bu ýalan bilime ulaşyp, imandan azaşandyrlar. Hudaýyň merhemeti, goý, size ýar bolsun!


Bu zatlary hemmelere ýatladyp dur. Sözleriň manysy barada dawalaşmazlygy olara Hudaýyň huzurynda berk tabşyr. Sebäbi şeýle dawalar peýda getirmän, diňleýänleri heläkçilige uçradýandyr.


Olaryň agzyny baglamak gerek. Çünki olar ýygnaklarda öwretmesiz zatlary öwredip, maşgalalary bütinleý dargadýarlar. Iň erbedi-de, olar bulary pul gazanmak üçin öwredýärler.


Doganlarym, şuny ýatda saklaň: eger araňyzdan biri hakykat ýolundan azaşsa we başga biri ony ýene ýola salsa, günäkäri dogry ýola salan adam bir jany ölümden halas edip, köp günäleriniň üstüni örtýändir.


Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ