Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Emma biz Oňa sadyk galmasak-da, Ol bize sadykdyr, sebäbi Ol Özüni ret edip bilmeýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эмма биз Оңа садык галмасак-да, Ол бизе садыкдыр, себәби Ол Өзүни рет эдип билмейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 2:13
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym! Seni arşa çykararyn, alkyşa beslärin adyňy, çünki Sen ajaýyp işler etdiň, owaldan karar etdiň, kämil sadyklyk bilen.


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Olaryň käbiriniň Hudaýa sadyk galmandygy hemmelere mälimdir. Ýöne olaryň biwepalygy, heý-de, Hudaýyň sadyklygyny ýok edermi?


Men Hudaý Öz wadasynda tapylmady diýemok. Sebäbi asly ysraýyl bolanlaryň bary hakyky ysraýyl däldir.


Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar.


Hudaý muny başarar. Çünki sizi çagyran Hudaý ynamdardyr.


Emma Reb ynamdardyr. Ol size kuwwat berer we şeýtandan gorar.


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ