Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
Timoteosa dogaýy salam! Eý, Timoteos, sen öz imanyň arkaly maňa hakyky ogul bolansyň. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty, parahatlygy saňa ýar bolsun!
Isa Mesihiň resuly men Pawlusdan söýgüli oglum Timoteosa dogaýy salam! Hudaý meni Isa Mesih arkaly beren ýaşaýyş wadasyny jar etmek üçin saýlady. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty we parahatlygy saňa ýar bolsun!
Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.
Diňe dözümli hem mert bol! Gulum Musanyň özüňe tabşyran tutuş kanunyny dykgat bilen ýerine ýetir. Nirä gitseň-de üstünlik gazanar ýaly, olardan hiç ýana sowulma.