Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 1:7 - Mukaddes Kitap

7 sebäbi Hudaý bizi gorkak etmeýär. Ol bizi güýç, söýgi we özerklilik bilen doldurýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 себәби Худай бизи горкак этмейәр. Ол бизи гүйч, сөйги ве өзерклилик билен долдуряр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 1:7
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol dogruçyllara ýardam berýär, sadyklykda gezýänlere galkan bolýar.


Öwüt hem sagdyn çözgüt mendedir. Paýhas mendirin, güýç-kuwwat hem mendedir.


Rebbiň Ruhy: danalyk hem paýhas, maslahat hem güýç-gudrat, Rebbi bilmek hem Ondan gorkmak ruhy Onuň üstünde bolar.


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň ähli güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zeper ýetirmez.


Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!


Men hem Atamyň wada eden Mukaddes Ruhuny size ýollaryn. Emma siz gökden injek gudrat bilen doldurylýançaňyz, Iýerusalimde galyň» diýdi.


Halk bolan wakany görmek üçin geldi. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, içinden arwah-jyn çykan adamyň geýnip, Isanyň aýagujunda oturandygyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.


Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.


Men bir sinagogadan beýlekisine aýlanyp, olary gaýta-gaýta jezalandyrdym, imandan dänmäge mejbur etdim. Olara garşy gahar-gazaba münüp, hatda keseki şäherlere çenli olary yzarladym.


Pawlus oňa: «Eý, hormatly Festus, men akylymdan azaşamok. Meniň aýdan sözlerim hakykat we akyla sygýandyr.


Hudaýyň merhemetinden we gudratyndan doly bolan Stefan halk arasynda ajaýyp mugjyzalardyr alamatlar görkezýärdi.


Şawulyň erk-ygtyýary bolsa gün-günden güýçlenýärdi. Ol Isanyň Mesihdigini subut etmek bilen, Damaskda ýaşaýan ýahudylaryň başyny çaşyrdy.


Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.


Hudaý bize Öz Ruhuny berdi. Ol muny gaýtadan gul bolup, gorkuda ýaşamagymyz üçin däl, eýsem Onuň perzentleri bolup, Mukaddes Ruh arkaly «Abba! Atam!» diýip çagyrmagymyz üçin amal etdi.


Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi.


Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,


Siziň Mukaddes Ruhdan alýan söýgiňiz barada hem bize ol gürrüň berdi.


ömürboýy ölüm gorkusynyň gulçulygyndaky ynsanlaryň hemmesini azat etdi.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Söýgüde gorky ýokdur. Tersine, kämil söýgi gorkyny kowup çykarýandyr. Kim kyýamat gününden gorkup ýaşaýan bolsa, onuň söýgüsi kämil däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ