Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Şonuň üçin, ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: başyňa ellerimi goýmagym arkaly Hudaýdan alan ruhy peşgeşiňi parlat,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шонуң үчин, ене-де бир гезек гайталаярын: башыңа эллерими гоймагым аркалы Худайдан алан рухы пешгешиңи парлат,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 1:6
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler.


Soňra Musa Besaleli, Oholyýaby we başga-da Rebbiň ukyp beren ähli ökde ussalaryny ýygnady. Reb bu işi ýerine ýetirmegi olaryň ýüreklerine saldy.


Maňa ýatlat! Gel, bilelikde dawalaşalyň, aklanar ýaly delilleriňi aýt.


Ol hyzmatkärlerinden onusyny ýanyna çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň“ diýip, hersine bir horjun pul berýär.


Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.


Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler.


Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme.


Eý, oglum, sen bulary doganlara öwretseň, öz eýeren imanyň baradaky hakykat taglymatynyň sözleri bilen ýetişdirilersiň. Şeýdip, Isa Mesihiň oňat hyzmatçysy bolarsyň.


Bu zatlary hemmelere ýatladyp dur. Sözleriň manysy barada dawalaşmazlygy olara Hudaýyň huzurynda berk tabşyr. Sebäbi şeýle dawalar peýda getirmän, diňleýänleri heläkçilige uçradýandyr.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


suwa çümdürilip päklenmek, el goýup dileg etmek barada, şeýle-de ölüleriň direlişi we ebedi höküm barada gaýta-gaýta esasy taglym almagymyzyň geregi ýok.


Siz bu zatlary bilseňiz-de, özüňizdäki hakykatda berk dursaňyz-da, men bulary size hemişe ýatladyp duraryn.


Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn. Bu iki hatymda-da sagdyn pikirli bolmalydygyňyzy ýatlatmak bilen düşünjäňizi oýarýaryn.


Bu zatlaryň ählisini ozal bilýän hem bolsaňyz, muny size ýatlatmakçy bolýaryn: Reb ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi, emma soňra iman etmedik adamlary ýok edip taşlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ