Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 1:18 - Mukaddes Kitap

18 Goý, Reb kyýamat güni oňa Öz rehimdarlygyny görkezsin! Onuň Efesde maňa nähili ýardam berendigini özüň-de bilýänsiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Гой, Реб кыямат гүни оңа Өз рехимдарлыгыны гөркезсин! Онуң Эфесде маңа нәхили ярдам берендигини өзүң-де билйәнсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 1:18
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra ol Rebbe ýalbaryp, dileg etdi: «Eý, Hudaýym Reb, Sen näme üçin bu dul hatynyň başyna bela getirdiň? Ol maňa öz öýünden ýer berdi, Sen bolsa onuň ogluny öldürýärsiň!»


Ol muny atalarymyza rehimdarlyk etmek üçin, Öz mukaddes ähtini ýatda saklamak üçin etdi.


Hudaýymyz mähir-şepagatdan doludyr: Ol üstümize Gün şöhlesini dökdürer.


Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy.


Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Rebbimiz Isa Mesihiň geljek gününde aýypsyz bolmagyňyz üçin, Onuň Özi sizi ahyra çenli berkider.


Men Ellinji gün baýramyna çenli Efes şäherinde galaryn,


gurandygy soňra belli bolar. Bu Rebbiň gününde ot-alaw arkaly aýan bolar. Ot-alaw her kesiň eden işiniň nähilidigini synar.


Hudaýyň Iýerusalimdäki ýygnaklaryna pul ýardamyny bermek barada size ýazmagyň geregi ýok.


Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz.


Biziň umydymyz we şatlygymyz kimdir? Rebbimiz Isa gelende Onuň öňünde guwanjak täjimiz kimdir? Siz dälmisiňiz? Elbetde sizsiňiz!


Men Makedoniýa ugranymda, Efes şäherinde galmagyňy haýyş edipdim. Sen ol ýerdäki adamlaryň käbirine ýalan taglymatlary ýaýratmazlygy buýur.


Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.


Goý, Rebbimiz Onisiforyň öý-içersine rehimdarlyk etsin. Sebäbi ol ençeme gezek maňa göwünlik berip, meniň tussaglygymdan utanmady.


Tersine, Rime gelip, tä meni tapýança, erjellik bilen gözledi.


Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Pygamberler siziň üçin taýynlanan bu halas bolmaklyga doly düşünmäge çalyşdylar we bu merhemet dogrusynda öň pygamberlik etdiler.


«Efesdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ýedi ýyldyzy sag elinde Saklaýan, ýedi altyn çyradanyň arasynda Gezýän şeýle diýýär:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ