Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Timoteos 1:16 - Mukaddes Kitap

16 Goý, Rebbimiz Onisiforyň öý-içersine rehimdarlyk etsin. Sebäbi ol ençeme gezek maňa göwünlik berip, meniň tussaglygymdan utanmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Гой, Реббимиз Онисифорың өй-ичерсине рехимдарлык этсин. Себәби ол энчеме гезек маңа гөвүнлик берип, мениң туссаглыгымдан утанмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Timoteos 1:16
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin! Bu eden işiňiz üçin menem size ýagşylyk ederin.


Eý, Hudaýym, Seniň öýüň we onuň hyzmaty üçin eden oňat işlerimiň ählisini ýadyňa sal.


Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla!


Men wagtynda odun bilen üpjün edilişini, ilkinji miweleriň getirilişini ýola goýdum. Eý, Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!


Eý, Hudaýym, bu halka eden ähli hyzmatlarym üçin meni ýagşylykda ýatla!


Emma ol gün Men seni halas ederin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Sen gorkup ýören adamlaryňyň eline düşmersiň.


Iki çuwal alan-da şonuň ýaly edip, ýene iki çuwal pul gazanýar.


Rehimliler bagtlydyr, çünki olara-da rehim ediler.


Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady.


Şu sebäpden men siziň bilen görşüp, söhbet etmek üçin, sizi bu ýere çagyrdym. Aslynda men Ysraýylyň umydy bolan Mesih ugrunda zynjyrlandym».


Olar siziň köňlüňize aram berişleri ýaly, meniň köňlüme-de aram berýärler. Şeýle adamlaryň gadyryny biliň.


Sebäbi men Hoş Habaryň zynjyrlar bilen baglanan ilçisidirin. Muny gorkman, bolmalysy ýaly yglan edip bilmegim üçin dileg ediň.


Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.


Tersine, Rime gelip, tä meni tapýança, erjellik bilen gözledi.


Goý, Reb kyýamat güni oňa Öz rehimdarlygyny görkezsin! Onuň Efesde maňa nähili ýardam berendigini özüň-de bilýänsiň.


Şonuň üçin-de, Rebbimiz barada şaýatlyk etmäge utanma. Onuň hatyrasyna tussag edilenligimden-de utanma. Tersine, Hudaýyň berýän güýji bilen Hoş Habaryň ugrunda görýän görgülerime şärik bol.


Priskilla, Akila we Onisiforyň öýündäkilere salam aýt.


Şoňa görä-de, eý, dogan, Rebbiň haky üçin maňa ýardam et. Mesihiň hatyrasy üçin göwnümi galkyndyr.


Eý, doganym, sen Hudaýyň halkyny söýüp, onuň göwnüni galkyndyrdyň. Bu meni şatlyga besläp, ýüregime teselli berdi.


Tussagdakylaryň-da dertlerini deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Nagomy iki gelnine-de: «Baryň, ikiňiz hem ejeňiziňkä gaýdyberiň. Maňa we merhum gaýynataňyza hem-de adamyňyza hemişe wepalylyk görkezişiňiz ýaly, size-de, goý, Reb öz wepalylygyny görkezsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ