Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 9:7 - Mukaddes Kitap

7 Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Давут оңа: «Горкма, какаң Ёнатаның хатырасына мен саңа ягшылык этҗек. Атаң Шавулың әхли ерлерини саңа гайтарып берҗек. Сен хемише мениң сачагымдан нахарланарсың» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 9:7
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Doganlar gorkdular, çünki olar Ýusubyň öýüne getirildiler. Olar: «Muny geçen gezekki çuwallarymyzda yzyna gaýtarylan pul sebäpli, darap, bizi tutup gul edip, elimizden eşeklerimizi almak üçin edýändir» diýdiler.


Hyzmatkär olara: «Arkaýyn boluň, gorkmaň. Pullary çuwallaryňyza siziň we ataňyzyň Hudaýy siziň üçin salandyr. Pullaryňyzy men aldym» diýdi. Soňra hyzmatkär Şimgony olaryň ýanyna getirdi.


Men saňa hojaýynyňyň hojalygyny berdim, aýallaryny gujagyňa saldym. Saňa ysraýyl bilen ýahuda halkyny hem berdim. Bulary az gören bolsaň, onda ýene-de köp zatlary bererdim.


Kakamyň ähli garyndaşlary şa hezretleriniň öňünde öldürilmäge degişli bolup durka, men guluňyzy öz saçagyňyzyň başyndakylaryň arasynda oturtdyňyz. Şondan soň patyşa şikaýat etmäge näme hakym bar?»


Patyşa oňa: «Öz ýagdaýlaryň hakynda gürlemegiň hajaty ýok. Men saňa we Siba ýeri paýlaşmagy buýruk berýärin» diýdi.


Patyşa Barzyllaýa: «Meniň bilen gidiber, Iýerusalimde iýip-içjegiňi özüm alada ederin» diýdi.


Ýöne Dawut patyşa özüniň Ýonatan bilen Rebbiň öňünde äht edişendigi sebäpli onuň ogly Mepiboşede rehim etdi.


Dawut: «Ýonatanyň hatyrasy üçin ýagşylyk ederim ýaly, Şawulyň neslinden galan barmyka?» diýip sorady.


Sen ogullaryň we hyzmatkärleriň bilen ýeri onuň üçin bejerip, hasylyny ýygnarsyň, şonda ol jenabyňyň agtygynyň harajady bolar, emma jenabyňyň agtygy Mepiboşet hemişe meniň saçagymdan naharlanar» diýdi. Sibanyň on bäş ogly bilen ýigrimi hyzmatkäri bardy.


Siba Dawut patyşa: «Şa hezretleriniň men guluna emr eden zatlarynyň ählisi berjaý ediler» diýdi. Mepiboşet edil Dawudyň öz ogullarynyň biri ýaly onuň saçagyndan naharlanýardy.


Mepiboşet Iýerusalimde ýaşaýardy, sebäbi ol hemişe patyşanyň saçagyndan naharlanýardy. Onuň iki aýagy-da agsakdy.


Patyşa ondan: «Şawulyň neslinden aman galan barmy? Hudaýyň hatyrasyna men oňa wepalylyk görkezjek» diýip sorady. Siba: «Ýonatanyň iki aýagy-da agsak bir ogly bar» diýip jogap berdi.


Gilgatly Barzyllaýyň ogullaryna mähirli bol. Sen olary zerur zatlar bilen üpjün et, çünki men doganyň Abşalomdan gaçanymda, olar maňa ýagşylyk etdiler.


Şeýdip, Ýehoýakyn özüniň ýesirlikdäki eşiklerini çalşyrdy. Ol bütin ömrüne patyşanyň saçagyndan naharlandy.


Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,


Şeýdip, Ýehoýakyn tussaglykdaky geýimlerini çykardy. Ol galan ömrüniň ähli günlerinde patyşanyň saçagyndan naharlandy.


«Hökmürowan Reb şeýle diýdi: „Adalatly höküm çykaryň, biri-biriňizi söýüň we rehim-şepagatly boluň;


Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.


Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».


Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.


Diňe Rebden gorkuň we Oňa tüýs ýürekden, wepadarlyk bilen gulluk ediň. Görüň, Ol siziň üçin nähili gudratly işleri etdi!


Meniň ýanymda gal, özüňem gorkma, çünki meniň kastyma çykanyň, seniň hem kastyňa çykdygydyr, emma sen meniň penamdasyň».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ