Hadadgezeriň galalary Tibhatdan hem-de Kundan Dawut juda köp bürünji ele saldy. Soň Süleýman şol bürünçlerden bürünç howuz, sütünleri hem enjamlary ýasady.
Men Rebbiň öýi üçin, uly yhlas bilen bir ýüz ýetmiş müň batman altyn, bir million ýedi ýüz müň batman kümüş, ölçärden agdyk bürünçdir demir, agaçdyr daşlar ýygnadym. Sen bularyň üstüni ýetirmelisiň.
Olar Hudaýyň ybadathanasynyň hyzmaty üçin sekiz müň bäş ýüz dört batman altyn, on ýedi müň batman kümüş, otuz müň batman bürünç hem-de bir ýüz ýetmiş müň batman demir berdiler.