Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 8:6 - Mukaddes Kitap

6 Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Давут Дамаскда яшаян сириялыларың арасында гошун бөлүмлерини ерлешдирди. Сириялылар Давуда табын болуп, оңа салгыт төледилер. Давудың баран еринде Реб оңа еңиш берйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 8:6
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerine göz ýetirdiler; olar bilen ylalaşyk baglaşyp, olara boýun egdiler. Siriýalylar hem mundan beýläk ammonlara kömek etmekden gorkdular.


Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady.


Indi islegiňizi amala aşyryň, sebäbi Reb: „Men Öz halkym Ysraýyly gulum Dawudyň üsti bilen piliştlilerden hem onuň ähli duşmanlaryndan halas ederin“ diýip, Dawuda aýdypdy».


Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, sebäbi Hökmürowan Hudaý Reb onuň bilendi.


Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek.


Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.


Dawut Hadadgezeriň gullarynyň göterýän altyn galkanlaryny alyp, Iýerusalime getirdi.


Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.


Ysraýyl patyşasy Ahap ölenden soň, Mowap ýurdy Ysraýylyň garşysyna gozgalaň turuzdy.


Ýarobgamyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi, nähili söweşeni we onuň öň Ýahuda degişli bolan Damasky we Hamaty Ysraýyla gaýtaryp berşi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.


Reb onuň bilendi. Hizkiýa nirä gitse-de, onuň işi oňuna boldy. Ol Aşur patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy we oňa gulluk etmekden boýun gaçyrdy.


Mowap patyşasy Meşanyň goýunlary san-sajaksyzdy. Ol Ysraýyl patyşasyna ýüz müň guzy bilen ýüz müň goçuň ýüňüni ibermelidi.


Ol Edomda goşun bölümlerini ýerleşdirdi; ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Ol Ýahudanyň esasy galalarynyň ählisinde goşun goýdy. Kakasy Asanyň basyp alan galalary bolan Efraýym galalarynda goşun ýerleşdirdi.


Biriniň ýer sürende topragy agdarşy ýaly, biziň-de süňklerimiz ölüler dünýäsiniň agzynda çaşar.


At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir.


Ýonatan piliştlileriň Gebadaky goşunyny derbi-dagyn etdi. Bu habar piliştlilere baryp ýetdi. Şawul: «Goý, ýewreýler eşitsinler!» diýip, mundan habardar etmek üçin, ýurduň ähli ýerinde şahdan edilen surnaý çaldyrdy.


Bir gün Şawulyň ogly Ýonatan öz ýaragyny göterýän nökerine: «Ýör, ol tarapdaky piliştlileriň öňdäki bölüminiň üstüne gideli» diýdi. Ýöne ol muny kakasy Şawula aýtmady.


Düşelgedäkileri, meýdandakylary, ähli halky aýylganç gorky gaplap aldy. Bölümdäkiler, hatda hüjümçiler gorkudan ýaňa sandyraşdylar, ýer titredi we Rebden gelen güýçli gorky gaplap aldy.


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ