Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 8:3 - Mukaddes Kitap

3 Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezeri boýun egdirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Соңра Давут Евфрат дерясының төверегиндәки агалыгыны тәзеден дикелтмек үчин гиден Соба патышасы Рехобың оглы Хададгезери боюн эгдирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 8:3
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerini gören siriýalylar bir ýere toplanyşdylar.


Hadadgezer Ýewfradyň aňyrsyndaky siriýalylara habar ýollap, söweşe çykardy. Olar Hadadgezeriň goşunbaşysy Şobagyň baştutanlygynda Heýlam galasyna geldiler.


Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerine göz ýetirdiler; olar bilen ylalaşyk baglaşyp, olara boýun egdiler. Siriýalylar hem mundan beýläk ammonlara kömek etmekden gorkdular.


Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.


sobaly Natanyň ogly Ýygal, gat tiresinden Bany,


Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.


Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Hadadgezeri Hamatyň ýakynynda boýun egdirdi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.


Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.


Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.


Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Ýewfrat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar.


Ysraýyla şa bolandan soň, Şawul töweregindäki duşmanlarynyň ählisine: mowap, ammon, edom halklaryna, Soba şalaryna we piliştlilere garşy uruşlar alyp bardy. Baran ýerinde-de, ol ýeňiş gazandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ