Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 8:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ол моваплылары-да еңди. Олары ерде хатара ятырып, өлчег йүпи билен өлчәп, бөлеклере бөлди. Хер үч бөлегиң бирини дири галдырып, ики бөлегини өлдүрип чыкды. Шейдип дири галан моваплылар Давуда гул болуп, салгыт төледилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 8:2
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlere ýa-da kerpiç işlerine goýdy. Ol ammonlaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy.


Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.


Ysraýyl patyşasy Ahap ölenden soň, Mowap ýurdy Ysraýylyň garşysyna gozgalaň turuzdy.


Aşur patyşasy Şalmaneser Hoşeýa garşy hüjüm etdi. Hoşeýa Şalmanesere tabyn bolup, oňa salgyt töledi.


Ol mowaplylary ýeňdi. Mowaplylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler.


Ammonlylar Uzyýa salgyt tölediler. Uzyýa has güýçlenip, şan-şöhraty Müsüriň çäklerine çenli ýaýrady.


Onuň çagalary, goý, ýetim bolsun, aýaly hem dul bolup galsyn.


Goý, ol Hudaýyň huzurynda tagtda baky otursyn, söýgi bilen wepadarlyk ber, goý, olar ony gorasyn!


Bagtlydyr Senden kuwwat alýanlar, kalbynda Siona eltýän ýoly arzuwlaýanlar!


Hizkiýa gulak asmaň! Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer.


Men ony görýän, ýöne häzir däl, oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.


Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, oňa pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.


Ysraýyla şa bolandan soň, Şawul töweregindäki duşmanlarynyň ählisine: mowap, ammon, edom halklaryna, Soba şalaryna we piliştlilere garşy uruşlar alyp bardy. Baran ýerinde-de, ol ýeňiş gazandy.


Dawut ol ýerden Mowapdaky Mispä gitdi. Ol Mowap patyşasyna: «Hudaýyň meni näme etjegi belli bolýança, kakam bilen ejemi öz ýanyňyzda saklap bilmezmisiňiz?» diýdi.


Şeýdip, Dawut kakasy bilen ejesini Mowap patyşasynyň ýanyna getirdi. Dawudyň gowakda bolan döwründe olar onuň ýanynda boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ