Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 8:18 - Mukaddes Kitap

18 Ýehoýadanyň ogly Benaýa – keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa ruhanydylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Ехояданың оглы Беная – керетлер билен пелетлериң баштутаныды, Давудың огуллары болса руханыдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 8:18
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şanyň ähli adamlary onuň öňünden geçdiler. Ähli keretler, peletler hem-de Gat galasyndan şanyň yzyna düşüp gaýdan alty ýüz adam onuň öňünden geçdiler.


Ýowap Ysraýylyň tutuş goşunyna baştutan boldy. Ýehoýadanyň ogly Benaýa bolsa keretleriň hem-de peletleriň baştutany boldy.


Ýowabyň adamlary, keretler, peletler we ähli batyr ýigitler Iýerusalimden çykyp, Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmak üçin Abyşaýyň yzyna düşdüler.


Şeýdip, Sadok ruhany, Natan pygamber, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, keretler hem peletler gidip, Süleýmany Dawut patyşanyň gatyryna mündürdiler-de, ony Gihona tarap äkitdiler.


Patyşa Sadok ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Benaýany, keretleri, peletleri onuň bilen iberdi. Olar ony patyşanyň gatyryna mündürdiler.


Emma Sadok ruhany, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, Natan pygamber, Şimgi, Regi hem-de Dawudyň batyr ýigitleri Adonyýanyň tarapynda däldiler.


Şeýdip, Süleýman patyşa Ýehoýadanyň ogly Benaýany Adonyýanyň ýanyna iberdi. Ol hem ony öldürdi.


Ýehoýadanyň ogly Benaýa goşunbaşydy, Sadok bilen Abýatar ruhanylardy.


Natanyň ogly Azarýa häkimleriň üstünden garaýardy; Natanyň ogly Zabut bolsa hem ruhany, hem patyşanyň ýaranydy.


Ýedinji ýylda Ýehoýada ruhany Kari goşunynyň ýüzbaşylaryny we köşk garawullaryny öz ýanyna Rebbiň öýüne çagyrdy. Onsoň Ýehoýada şol ýerde olar bilen äht edişdi we olara ant içirip, soň Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy olara görkezdi.


Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi; şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi.


Ýehoýadanyň ogly Benaýa keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa şa hyzmatynyň baştutanlarydy.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, Men elimi piliştlileriň garşysyna uzadyp, olardan keretlileri sogrup taşlaryn, deňiz ýakasynda galanlaryny ýok ederin.


Deňiz ýakasynda ýaşaýan Keret halkynyň dat gününe! Eý, Kengan, piliştliler ýurdy, Reb seniň garşyňa şeýle diýýär: «Ýeke kişini-de galdyrman, seni weýran ederin».


Biz Negep çölündäki keretleriň, Ýahudanyň bir böleginiň we kalepleriň üstüne çozuş etdik, şeýle hem, Ziklagy ýakyp-ýandyrdyk» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ