Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 8:16 - Mukaddes Kitap

16 Seruýanyň ogly Ýowap onuň goşunbaşysydy; Ahyludyň ogly Ýehoşapat – baş emeldardy,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Серуяның оглы Ёвап онуң гошунбашысыды; Ахылудың оглы Ехошапат – баш эмелдарды,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 8:16
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol goşuny üç topara böldi: bir topara Ýowap, bir topara Seruýanyň ogly, Ýowabyň dogany Abyşaý, üçünji topara bolsa gatly Ytaý baştutanlyk edýärdi. Patyşa özüniň hem olaryň ýanlarynda boljakdygyny olara aýtdy.


Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».


Seruýanyň ogly Ýowap bolsa Dawudyň adamlary bilen çykyp, Gibgon howdanynyň ýanynda olar bilen gabatlaşdy. Bu iki toparyň hersi howdanyň bir tarapynda ýerleşdi.


Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.


Şişanyň ogullary Elihorep bilen Ahyýa kätiplerdi, Ahyludyň ogly Ýehoşapat baş emeldardy.


Olar patyşany çagyranlarynda, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary olaryň ýanyna bardylar.


Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler.


Dawut: «Ýabuslylara kim öňürti zarba ursa, şol goşun serkerdesi bolar» diýdi. Seruýanyň ogly Ýowap öňürti zarba urup, goşun serkerdesi boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ