Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 8:14 - Mukaddes Kitap

14 Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Ол Эдомың әхли еринде гошун бөлүмлерини ерлешдирди. Әхли эдомлылар Давуда табын болдулар. Давудың гиден еринде Реб оңа еңиш берйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 8:14
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb oňa şeýle jogap berdi: «Göwräňde iki millet bar, senden iki bäsdeş halk dörär. Biri beýlekisinden rüstem çykar, ulusy kiçisine gul bolar».


Halklar saňa hyzmat etsinler, il-uluslar saňa boýun egsinler. Baştutan bol sen öz doganlaryňa, doganlaryň saňa boýun egsinler. Seni näletlän, näletlensin, seni ýalkan, ýalkansyn!»


Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, sebäbi Hökmürowan Hudaý Reb onuň bilendi.


Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek.


Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.


Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Çünki Dawut Edomdaka, goşunbaşy Ýowap öldürilenleri jaýlamaga gidip, Edomdaky erkekleriň ählisini gyrypdy. Ýowap we bütin ysraýyllar Edomdaky erkekleriň ählisini gyrýançalar, alty aýlap şol ýerde galypdylar.


Edomda hiç patyşa ýokdy, diňe ýahuda patyşasy tarapyndan bellenen wekil bardy.


Opyrdan altyn getirer ýaly Ýehoşapadyň deňiz gämileri bardy, ýöne olar Opyra ýetip bilmediler, çünki Esýongebere gelenlerinde, olaryň gämileri çagşady.


Amazýa Duz jülgesinde on müň sany edomlyny gyryp, Sela galasyny basyp aldy. Ol Sela galasyny Ýokteýel diýip atlandyrdy. Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylyp gelýär.


Reb onuň bilendi. Hizkiýa nirä gitse-de, onuň işi oňuna boldy. Ol Aşur patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy we oňa gulluk etmekden boýun gaçyrdy.


Ol Edomda goşun bölümlerini ýerleşdirdi; ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ