Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 8:10 - Mukaddes Kitap

10 Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togy öz ogly Ýoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togy bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Ýoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Хададгезер билен уршуп, ондан үстүн чыкмагы мынасыбетли Давут патышаны гутламак хем-де хал-ахвал сорашмак үчин, Тогы өз оглы Ёрамы Давудың янына иберди. Себәби Хададгезер Тогы билен йыгы-йыгыдан урушярды. Ёрам өзи билен күмүш, алтын хем бүрүнч совгатлар әкитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 8:10
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusup olaryň hal-ahwallaryny soraşdyrdy. Soňra ol: «Garry ataňyz sag-gurgunmy? Ol aýatda dirimi?» diýdi.


Dawut bu sowgatlary-da ähli boýun egdirenlerinden: edomlylardan, mowaplylardan, ammonlylardan, piliştlilerden, amaleklerden hem-de Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezerden alan altyndyr kümüşleri bilen birlikde Rebbe bagyş etdi.


Hamat şasy Togy Dawudyň Hadadgezeriň ähli goşunyny derbi-dagyn edendigini eşitdi.


Patyşanyň emeldarlary jenabymyz Dawut patyşany mübärekläp: „Goý, Hudaýyň Süleýmanyň adyny seniň adyňdan-da meşhur etsin, onuň şalygyny seniň şalygyňdan-da has gülletsin“ diýdiler. Patyşa hem düşeginiň üstünden Hudaýa sežde etdi.


Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togu öz ogly Hadoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togu bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Hadoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi.


Iýerusalime köp adamlar gelip, Rebbe sadakalar, Ýahuda patyşasy Hizkiýa gymmatbaha sowgatlar getirdiler. Şondan soň, Hizkiýa ähli milletleriň nazarynda beýgeldi.


Ysraýyly ähli günälerinden Ol halas eder.


Şol döwürde Babyl patyşasy Baladanyň ogly Merodakbaladan Hizkiýa patyşanyň keselländigini we sagalandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady.


Şawul ýakma gurbanlyk bermekligi ýaňy gutardym edende, Şamuwel geldi. Garşylamak hem salamlaşmak üçin, Şawul onuň öňünden çykdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ