Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Нирә гитсең яныңда болдум, өңүңдәки әхли душманларыңы гырып ташладым. Инди болса ер йүзүндәки бейик адамларың ады кимин сениң адыңы беленде гөтерҗек.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 7:9
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.


Rebbiň Dawudy ähli duşmanlaryndan hem-de Şawuldan halas eden güni, ol Rebbiň şanyna şu aýdymy aýtdy:


Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin, Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin.


Olary tozan dek edip ýençdim, köçeleriň palçygy kimin mynjyratdym.


Ine, Dawudyň soňky sözleri şulardyr: Belende göterilen Ýyşaý ogly Dawut diýýär, Ýakubyň Hudaýynyň seçip saýlan adamy, Ysraýylyň şirin labyzly bagşysy şeýle sözleýär:


Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, sebäbi Hökmürowan Hudaý Reb onuň bilendi.


Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürenden soň, Dawudyň meşhurlygy has-da artdy.


Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek.


Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar.


Hökümdarlary tagtyndan düşürip, pespäl adamlary beýgeltdi.


Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi.


Piliştli goşunbaşylar söweşe çykýardylar. Her söweşde-de Şawulyň beýleki goşunbaşylaryna garanda, Dawut has uly ýeňişler gazanýardy. Şunlukda, Dawudyň abraýy has artdy.


Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.


Şeýdip, Şawulyň özi, üç ogly, ýaragçy nökeri hem-de ähli adamlary bir günde öldüler.


Şondan soň olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Ekrona iberdiler. Emma Hudaýyň sandygy Ekrona getirilende, bu ýeriň halky: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny özümizi-de, halkymyzy-da gyrgyna bermek üçin getirdiler-eý!» diýip bagyryşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ