Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 7:8 - Mukaddes Kitap

8 Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Инди сен Мениң гулум Давуда Хөкмүрован Реб ене-де шейле диййәр дий: „Мен сени мейданда гоюн бакып йөрен ериңден алып, Өз халкым Ысрайылың хөкүмдары этдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 7:8
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Natan Dawuda şeýle diýdi: «Şol adam – sen! Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Seni Ysraýyla patyşalyga saýlanam, Şawulyň elinden halas edenem Men.


Aýal şeýle diýdi: «Onda näme üçin Hudaýyň halkyna garşy beýle işleri küýüňe getirýäň? Şanyň bu aýdýanlary onuň özüni ýazgarýar, sebäbi siz kowan adamyňyzy gaýtaryp getirmeýärsiňiz.


Ine, Dawudyň soňky sözleri şulardyr: Belende göterilen Ýyşaý ogly Dawut diýýär, Ýakubyň Hudaýynyň seçip saýlan adamy, Ysraýylyň şirin labyzly bagşysy şeýle sözleýär:


Dawut adamlaryň başyna külpet getirýän perişdäni görende, Rebbe: «Wah, men günä gazandym, ine, men hata iş etdim. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber» diýdi.


Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler.


Dawut Mikala şeýle diýdi: «Bu seniň ataňyň hem onuň nesliniň ýerine meni saýlan, meni Öz halky Ysraýyla hökümdar eden Rebbiň huzurynda boldy. Hawa, men Rebbiň huzurynda tans etjek.


Süleýman şeýle diýdi: «Guluň kakam Dawudyň ynamly, dogruçyl hem-de akýürekli bolany üçin, oňa beýik, sadyk söýgiňi görkezdiň. Bu gün oňa tagtynda oturmaga ogul berip, Öz beýik merhemetiňi görkezdiň.


Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim.


Dawut Hudaýa şeýle diýdi: «Halkyň sanyny bilmek üçin buýruk beren men dälmidim näme? Günä eden men, hata iş eden men. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Eý, Hudaýym Reb, goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber, Öz halkyňy weýran etme!»


Emma Reb meni süriniň yzyndan aldy-da, maňa: „Bar, git-de, Meniň halkym Ysraýyla pygamberlik et“ diýdi.


Hudaýyň nazarynda merhemet tapan Dawut Ýakubyň Hudaýy üçin öý gurmaga rugsat sorady.


Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.


Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.


«Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ