Aýal dagdaky Hudaýyň adamynyň ýanyna baryp, onuň aýagyna ýapyşdy. Geýhazy ony aýyrjak bolup, oňa golaý geldi, ýöne Hudaýyň adamy oňa: «Aýala degme, çünki onuň kalby ajy hasratdan doludyr. Reb muny menden ýaşyrdy, maňa bu barada hiç zat aýtmady» diýdi.
Dawut patyşa turdy-da, olara şeýle diýdi: «Doganlarym, halkym, maňa gulak asyň! Men Hudaýymyzyň aýak kürsüsi bolan Rebbiň Äht sandygyny goýmak üçin öý gurmak niýetim bardy; onuň üçin taýýarlygam gördüm.
Dawudyň, patyşanyň görgüri Gatyň we Natan pygamberiň tabşyrygy boýunça, patyşa lewileri kimwallar, arfalardyr liralar bilen Rebbiň öýünde ýerleşdirdi. Bu tabşyrygy Reb pygamberleriň üsti bilen beripdi.
Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz.
Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.