Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 7:2 - Mukaddes Kitap

2 Şol günlerde patyşa Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Hudaýyň sandygy bolsa bir çadyrda dur» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Шол гүнлерде патыша Натан пыгамбере: «Серет, мен-ә кедр агаҗындан гурлан көшкде яшаярын, Худайың сандыгы болса бир чадырда дур» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 7:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Uryýa Dawuda: «Äht sandygy bilen ysraýyllardyr ýahudalar çadyrdakalar, jenabym Ýowapdyr onuň nökerleri meýdandakalar, men iýip-içmek we aýalym bilen ýatmak üçin öýüme gideýinmi? Seniň ömrüňden hem janyňdan ant içýärin, men beýle iş edip bilmerin» diýdi.


Reb Dawudyň ýanyna Natan pygamberi iberdi. Ol Dawudyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýdi: «Galalaryň birinde birisi baý, beýlekisi garyp bolan iki sany adam ýaşapdyr.


Sur patyşasy Hiram Dawudyň ýanyna ilçiler bilen kedr agaçlaryny, agaç ussalarydyr köşk gurujy ussalary iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular.


Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň onuň üçin ýörite guran çadyrynyň içinde öz ýerinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi.


Şeýlelikde, Natan tutuş bu aýanlygy, ýagny Rebbiň sözlerini Dawuda gürrüň berdi.


Batşeba patyşa bilen gepleşip durka, Natan pygamber geldi.


Emma Sadok ruhany, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, Natan pygamber, Şimgi, Regi hem-de Dawudyň batyr ýigitleri Adonyýanyň tarapynda däldiler.


Natanyň ogly Azarýa häkimleriň üstünden garaýardy; Natanyň ogly Zabut bolsa hem ruhany, hem patyşanyň ýaranydy.


Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurmagy ýüregine düwüpdi.


Sur patyşasy Huram Dawudyň ýanyna çaparlar bilen kedr agaçlaryny, kerpiç örüjileri hem agaç ussalaryny iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular.


Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň niýetläp guran çadyrynyň içinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi.


Dawut Süleýmana şeýle diýdi: «Oglum, meniň Hudaýym Rebbe öý gurmak niýetim bardy.


Dawut patyşanyň eden işleri başdan-aýak Şamuwel görgüriň, Natan pygamberiň we Gat görgüriň kitabynda ýazylandyr.


Dawut Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan Iýerusalime onuň üçin taýýarlan çadyryna getiripdi.


Dawudyň, patyşanyň görgüri Gatyň we Natan pygamberiň tabşyrygy boýunça, patyşa lewileri kimwallar, arfalardyr liralar bilen Rebbiň öýünde ýerleşdirdi. Bu tabşyrygy Reb pygamberleriň üsti bilen beripdi.


Süleýmanyň galan ähli işleri – owalky we soňky eden işleri Natan pygamberiň taryh kitabynda, şiloly Ahyýanyň pygamberliginde we Ydo görgüriň Nebadyň ogly Ýarobgam baradaky görnüşlerinde ýazylandyr.


Bu başa guýulýan mukaddes ýag ýalydyr, sakgala, Harunyň sakgalyna, onuň geýiminiň ýakasyna syrygýan mukaddes ýag ýalydyr!


Musa Rebbiň buýruşy ýaly, Äht sandygyny mukaddes çadyra getirip goýdy. Onuň öňünden tuty asyp, ony aýratyn goýdy.


«Bu öý haraba bolup ýatyrka, özüňiziň kaşaň jaýlarda ýaşamagyňyzyň wagtymy?


Şonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar.


Hudaýyň nazarynda merhemet tapan Dawut Ýakubyň Hudaýy üçin öý gurmaga rugsat sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ